Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tagtabitine meňzeş mör-möjekler köpçülikleýin ýaýraýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Mör-möjekleriň ilkinjileri iýul-awgust aýlarynda hasaba alnan bolsa, bular iki aýdan hem az wagtyň dowamynda köpelip, ýaýrap, olary häzir tas ähli ýaşaýyş jaýlarynda we myhmanhanalarda görse bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Awazanyň birnäçe myhmanhanasynyň işgärleri bu mör-möjekleriň tomusky dynç alyş möwsümi döwründe Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryndan gelen syýahatçylar tarapyndan sebite getirilendigine ynanýarlar.
Degişli maglumat Aşgabatda tagtabit ýene köpelýär“Sýahatçylaryň galan myhmanhana otaglarynda ýa-da olaryň kireýine alan kwartiralarynda bu mör-möjekler tapyldy. Olaryň adamlaryň egin-eşikleri we çemodanlary bilen gelendigine ynanýarys” diýip, Çarlak myhmanhanasynyň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar we myhmanhana işgärleri ilat arasynda “Gbrid tagtabiti” atlandyrylýan mör-möjekleriň çenden aşa görnüşde çaltlyk bilen köpelýändigini aýdýarlar.
“Adam gany bilen iýmitlenýän ýaly bolup görünýän täze görnüşli tagtabitiň dişlän ýerinde ýara emele gelýär. Adamlar dürli saglyk bejergilerini, şol sanda antibiotik we gormonal sanjymlar alýarlar we allergiýa garşy tabletkalary içýärler. Olar bu bejergileri almasalar gowulaşmaýandyklaryny aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlary içgin yzarlaýan ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sebitde mör-möjekleriň ýaýramagy we onuň sebäpleri barada degişli ýerli häkimiýetler tarapyndan ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş berilmeýär. Sebitiň sanitariýa we epidemiologiki gözegçiligine jogapkär wekiller hem meseläni boýun alyp, haýsydyr bir maglumat ýaýratmaýarlar ýa-da çäre görmeýärler.
Häzirki wagtda ýerli ýaşaýjylar we Awazanyň myhmanhanalary mör-möjeklere garşy özbaşdak göreşmäge mejbur bolýarlar.
Munuň bilen bagly, käbir myhmanhanalarda derman serişdeleri bilen zyýansyzlandyrmak işleri geçirilýär.
“Käbir myhmanhanalar 1-10-njy sentýabr aralygynda dürli awuly serişdeleri ulanyp, zyýansyzlandyryş işlerini geçirýärler. Sebitde tagtabitiň bu görnüşini ýok etmäge ukyply awularyň ýa-da himiki serişdeleriň ýokdugy sebäpli, köp myhmanhana Aşgabatdaky hususy weterinar dermanhanalardan derman serişdelerini getirtdirýärler” diýip, myhmanhanalaryň biriniň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýarBu derman serişdeleriniň 50 gramlyk gutusynyň bahasy 800 manada durýar. Bu, Merkezi Bankyň kursy boýunça 228 amerikan dollaryna barabardyr.
“Onuň Aşgabatdan Türkmenbaşa gelýänçä taksi, poçta çykdajysy 50-100 manat bolýar. Köp maşgalanyň bu serişdeleri bermäge maddy mümkinçiligi ýok. Şol sebäpli köp hojalyk jaýlaryny dermanlap bilmeýär. Beýle mör-möjekler peýda bolanda, döwlet tarapyndan köpçülikleýin we hemmetaraplaýyn göreş alnyp barylmasa, olaryň köpelmegi dowam edýär” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.
Jandarlaryň gany, ösümlikleriň şiresi bilen iýmitlenýän tagtabit Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda batly ýaýrap başlady. Ganhor mör-möjek esasan ýaşaýyş jaýlarynda barha köpeldi, onuň dişlemegi zerarly hassahana düşenler hem boldy.
Soňra paýtagtyň myhmanhanalarynda, lukmançylyk edaralarynda we çagalar baglarynda tagtabitiň ýaýraýandygy barada habarlar peýda boldy.
Şu tomsuň başyndan bäri Mary we Ahal welaýatlarynyň käbir sebitlerinde, Aşgabadyň käbir ýaşaýyş toplumlarynda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleriň ýaýramagy hem dowam edýär.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilaty biynjalyk edýän we saglygyna zyýan ýetirýän bu mör-möjekler we olaryň ýaýramagy barada häzirki güne çenli mesele gozgaman gelýärler.
Degişli maglumat Paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda öýleri sarygarynja basýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.