Türkmenbaşyda onlarça adam Internetiň tizliginiň pesligine we bahasynyň ýokarylygyna protest bildirdi

Illýustrasiýa suraty

2-nji awgustda Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde onlarça adam Internetiň tizliginiň pesligine nägilelik bildirip, “Türkmentelekom” elektrikaragatnaşyk kompaniýasynyň ýerli edarasynyň öňünde protest geçirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Azyndan 80 töweregi adam häkimiýetleriň Internetiň tizliginiň ýokarlandyryljakdygy baradaky wadalarynyň puja çykandygyny aýdyp, kärhanadan Internetiň tizliginiň ýokarlandyrylmagyny ýa-da onuň nyrhynyň öňküsi ýaly arzanladylmagyny talap etdi.

“Adamlar kärhananyň bölüm başlygyna 6 Mbit/s tizlikdäki Internet wadalarynyň diňe Internetiň bahalaryny ýokarlandyrmak üçin oýlanyp tapylan oýundan başga zat däldigini aýtdylar. Olar 6 Mbit/s tizlikdäki Internet nyrhnamalaryny ýene 2 Mbit/s tizlikdäki öňki Internet nyrhnamasyna geçirip bermegi talap etdiler. Olar 280 manada derek öňküsi ýaly 180 manat tölejekdiklerini aýtdylar” diýip, waka şaýat bolan türkmenbaşyly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Annagül daýzanyň haýal Internet bilen duçar galan agyr synagy

Habarçy protest çäresiniň, görnüşinden, guramaçylarynyň bolman, protestçileriň öz-özünden döräne meňzeýändigini, protestçileriň öýlerine çekilen Internet hyzmatlarynyň tölegini geçirmek üçin kärhana baran müşderilerdigini aýtdy.

Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri, 1-nji martdan başlap, Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygyny, şol bir wagtda onuň nyrhlarynyň arzanladylýandygyny wada berdiler.

“Türkmentelekomyň” 21-nji fewralda çap eden bildirişine görä, martyň başyna çenli ilata hödürlenýän Internetiň iň ýokary tizligi 2 Mbit/s-a deň bolan ýurtda ulanyjylara 4 Mbit we 6 Mbit bolan Internet nyrhnamalary hödürlenip başlandy we olaryň bahalary degişlilikde 230 we 280 manat diýlip kesgitlendi.

“Adamlar 6 Mbit/s bolan Internet nyrhnamasynyň diňe artykmaç çykdajydygyny, Internetiň tizligiň 2 Mbit/s bolan döwründen-de peselendigini, artykmaç çykdajydan halas bolmak isleýändiklerini aýtdylar” diýip, wakanyň şaýady gürrüň berdi.

Şeýle-de, protestçiler “Belet Film” hyzmatyndan peýdalanmajakdyklaryny, bu hyzmat üçin tutulýan aýlyk 30 manatlyk mejbury tölegi tölemejekdiklerini hem aýtdylar.

“Türkmentelekomyň” resmi websaýtynda “Belet Film” hyzmatyny birikdiren raýatlara 8 Mbit/s çenli tizlikde 5000-den gowrak kino görmek mümkinçiliginiň hödürlenýändigi mälim edilýär.

Ýöne protestçiler munuň hem artykmaç çykdajydygyny, sebäbi bu hyzmatdan peýdalanyp, kino görüp bolmaýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Häkimiýetleriň Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygy baradaky wadasy 'puja çykdy'

“Telekomyň jogapkär işgäri açyk gygyryp, protest bildiren adamlaryň gazaplaryndan gorkup, “Belet Film” hyzmaty üçin mejburyň tölegiň mundan beýläk alynmajakdygyny aýtdy. Şeýle-de, olaryň Internet nyrhnamalaryny 280 manatlyk tarifden 180 manatlyga geçirip berdi. Şeýdip, 80-den gowrak adam tarifini üýtgetmegi we “Belet Film” hyzmaty üçin mejbury tölegi tölemezligi gazandy” diýip, wakanyň şaýady gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, mundan ozal kärhananyň resmileri raýatlaryň Internet nyrhnamasyny üýtgetmek baradaky haýyşlaryny we şikaýatlaryny kanagatlandyrman gelýärdiler.

“Türkmentelekomyň nyrhnamalar boýunça berk düzgüni bar. Eger-de tarifini üýtgeden raýat gaýtadan öňki tarifine geçmek islese, onda muňa rugsat berilmeýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Kärhananyň resmileri raýatlaryň Internetiň tizligini ýokarlandyrmak baradaky talaplaryna bolsa, “munuň Aşgabatdan çözülýändigini, etrap resmileriniň elinden gelýän zadyň ýokdugyny” aýdyp, olardan öýlerine gitmegi soradylar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmentelekomyň” Türkmenbaşydaky edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýän Türkmenistanyň hökümeti öz ilatyna dünýäde iň pes tizlikli Interneti hödürleýän ýurtlaryň biri bolmagynda hem galýar.

Şu ýylyň fewralynda “Türkmentelekom” ulanyjylara Internetiň tizligini artdyrmagy, bahasyny arzanlatmagy wada berdi. Ýöne şondan bäri Azatlygyň habarçylary bu wadalaryň puja çykandygyny, Internetiň tizliginiň ýokarlanmagyna derek juda peselýändigini yzygiderli habar berip gelýärler.

Bu maglumatlar soňky bir aýyň dowamynda has-da ýygjamlaşyp, şu aýyň başynda Aşgabatdaky habarçymyz Internetiň tizliginiň aşa pesligi zerarly ýurtda petiklenmedik we köpçülige elýeterli bolan tas ýeke-täk messenjer bolan IMO-nyň hem kadaly işlemeýändigini aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.