Türkmenbaşyda birnäçe günläp agyz suwy kesildi

Türkmenbaşy şäheri. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň ençemesinde birnäçe günläp agyz suwy ýok. Käbir etraplarda ýörite ulaglar bilen daşalýan suw günde bir gezek paýlanýan bolsa, başga ýerlerde ilat öz suw üpjünçiligini özbaşdak berjaý etmeli bolýar.

Türkmenbaşyda ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi 12-nji ýanwarda kesilipdir. Azatlygyň Balkandaky habarçysy 15-nji ýanwarda suwuň henizem ýokdugyny we bu ýagdaýyň 1, 2, 3, 4-nji kiçi etrapçalarda, şäheriň merkezi etrapçalarynda we il içinde "Janga" atlandyrylýan etrapçada üçünji gün dowam edýändigini habar berdi.

"Agyz suwy şäher ilatyna günde bir sapar 15 litrden paýlanýar. Ol ulaglarda getirilýär. Köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary gaty kösenýär" diýip, balkanly çeşme şäherdäki ýagdaý barada gürrüň berdi.

Degişli maglumat Marynyň etrap ýaşaýjylary sowukda toksuz, gazsyz galýar

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, paýlanýan agyz suwy maşgalalaryň içmegine zordan ýetýär, hojalyk zerurlyklary üçin bolsa suw ýok. Ýaşaýjylar öz mümkinçiligine görä, suw üpjünçiligine degişli problemany çözmäge çalyşýarlar.

"Bar adamlar hajathana üçin kanistralarda deňiz suwundan daşap ulanyp başladylar. Ýuwunmak, nahar bişirmek üçin plastmas gaplarda satylýan arassalanan suwy satyn almaga mejbur bolýarlar" diýip, şäher ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenbaşyly ýaşaýjylar ýerli häkimiýetleriň jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäpleri we suwuň haçan beriljegi barada özlerine düşündirmändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy şu günler suwsuz galan etrapçalaryň öý dolandyryş edaralarynyň käbirinden we Türkmenbaşynyň häkimliginden resmi maglumat almaga synanyşdy. Telefon üsti bilen edilen jaňlara jogap berilmedi.

Bu aralykda şäheriň ençeme ýerinde, şol sanda köçelerde gazuw işleri geçirilýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen şäheriň jemagat gullugynyň işgäri gazylan köçelerde ýarylan we çüýrän turbalary bejermek üçin iş geçirilýändigini gürrüň berdi.

"Azady, Şagadam, Magtymguly, Garaşsyzlyk köçelerindäki asfalt ýollarynyň aşagyndan geçýän suw turbalarynyň ýarylmagynyň netijesinde köçelerde gazuw işleri geçirilýär" diýip, jemagat gullugynyň işgäri aýtdy.

Şäher ýaşaýjylary köçelerde hem pyýadalaryň, hem-de awtoulag sürüjileriň hereket etmeginiň kynlaşandygyny aýdyp, "tas uly köçeleriň ähli ýeri gazylan, abat ýol hem galmady" diýip, ýagdaýy häsiýetlendirýärler.

"Lagym ulgamy, telefon liniýalary, elektrik togy we agyz suwunyň turbalary asfalt ýollarynyň aşagyndan geçýär. Olaryň haýsy birinde kemçilik dörese ýoly gazmaly bolýar. Bu bolsa tutuş şäher halkyna kynçylyk döredýär. Ýollarda dyknyşyk emele gelýär, başga-da kynçylyklara sebäp bolýar, adamlaryň ýakyn ýoly uzaklaşýar" diýip, şäheriň jemagat gullugynyň işgäri aýtdy.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryň suw, elektrik energiýasy we gaz bilen üpjünçiliginiň kesilmegi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Köplenç muňa düýpli bejerilmedik şäher infrastrukturasynyň sandan çykmagy sebäp bolýar.

Degişli maglumat Türkmenabatda iki günläp agyz suw üpjünçiligi çäklendirildi

Türkmenbaşy şäheriniň suw geçiriji sistemasynyň umumy ýagdaýy we akdyrylýan agyz suwuň hili ýaşaýjylarda hem-de jemagat gulluklarynyň hünärmenlerinde alada we nägilelik döredýär.

"Aslynda şäheriň suw geçirijisinden gelýän suwy indi birnäçe ýyl bäri agyz suwy atlandyrmak dogry däl, sebäbi suw poslan we hapa. Şeýle hapa suw Türkmenbaşynyň halkyna berilýär. Ýörite filtrleri goýup, hapasyny aýyrmasaň bu suwa ýuwunyp hem bolmaýar, endamyňa ýara çykýar" diýip, Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistanda şäher ilaty suwuň, elektrik energiýasynyň we gazyň kesilmeginden gyşyň sowugynda we tomsuň yssysynda has-da ejir çekýär. Ýel, ýagyş we gar ýaly tebigy ýagdaýlar könelişen infrastrukturanyň sandan çykmagyna goşmaça sebäp bolýar.

Jemagat hyzmatlaryň hili ýyllarboýy pesliginde galýan hem bolsa, onuň bahasy gymmatlaýar. Tölegleri wagtynda geçirmedik hojalyklaryň agyz suwy, elektrik togy we gaz bilen üpjünçiligi kesilýär.

Degişli maglumat Tok, suw yzygiderli kesilýär, gündelik durmuş bökdelýär - Türkmenbaşy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.