26-njy fewralda günortan sagat 12:30 töwereklerinde Türkmenbaşy – Aşgabat magistral ýolunyň ugrunda adam pidalaryna getiren ýol hadysasy boldy. Gara ýoluň 30-njy kilometrinde ýüze çykan hadysada bäş adam heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 28-nji fewralda Balkan welaýatyndan maglumat berdiler.
“Sürüji ‘Toyoto Sienna’ kysymly ulagy ýokary tizlikde, ýagny sagatda 150 kilometr tizlikde sürüp, ýoldan çykýar. Ulag birnäçe sapar togalanyp, soňra hem agdarylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.
Ulagdaky sekiz adamdan bäş sanysy wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy. Ýaralanan üç ýolagçy hassahana ýerleşdirildi. Azatlyk olaryň soňky ykbalyny häzirlikçe anyklap bilmedi.
Degişli maglumat Boldumsazda bolan ýol hadysasynda dört adam öldiRedaksiýanyň pajygaly ýol hadysasy barada Balkanyň Polisiýa müdirliginden we şäher resmilerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Ýöne habarçymyz ulagdaky ýolagçylar barada goşmaça maglumatlary öwrenmegi başardy. Onuň tassyklamagyna görä, heläk bolanlaryň dördüsi Balkan we galan biri Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarydy.
“Dört balkanlynyň ikisi aýal maşgala we biri ulagyň sürüjisi eken. Ol Türkmenbaşy – Aşgabat aralygynda taksiçilik edýär ekeni. Heläkçilikli wakanyň bolan wagty balkanly aýallaryň biri gazak wizasyny almak üçin resminamalary doldurmak maksady bilen, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna barýar eken. Ol Türkmenbaşynyň Janga ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysydy” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Habarçymyz Türkmenbaşydan Aşgabada ýygy-ýygydan baryp gelýän raýatlaryň ençemesine salgylanyp, soňky aýlarda bu magistral ýolda ýokary tizlikde ulag dolandyrýan sürüjileriň köpelendigini hem aýdýar.
“Sürüjileriň tizligine gözegçilik edýän ýol polisiýasy ýok. Ýoluň käbir böleklerinde duran ýol polisiýasy hem, ulagyny ýokary tizlikde sürýän sürüjileri saklamaýar. Sebäbi bu sürüjileriň köpüsi şahsy ulagynda kireý edýän raýatlar bolup, olar ýol polisiýasyna hepdelik para berýärler we islän tizliginde sürýärler. Hususy taksileri ýolda saklaýan PÝGG işgärleri ýok. Polisiýanyň we sürüjileriň eden-etdiligi ýol hadysalaryna, adam pidalaryna getirýär” diýip, balkanly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky heläkçilikde üç adam wepat boldy, ikisi ýaralandyTürkmenistanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň sürüjilerden para alýandygy we munuň öwezinde olaryň köçe-ýol hereketiniň düzgün bozmalaryna göz ýumýandygy barada Azatlyk yzygiderli maglumat berýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag hadysalary we olaryň ýol açýan netijeleri barada hasabat bermeýär. Ministrligiň garamagyndaky edaralar hem, ýol-ulag hadysalary boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýärler.
Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hem, ýurtda adam pidalaryna getirýän ulag heläkçilikleri barada asla maglumat bermeýär.
Ýöne Azatlyk we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan ýol-ulag, otly hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. 2023-nji ýylyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren 20-ä golaý ýol hadysasynda azyndan 60 çemesi adam, şol sanda aýallar we çagalar heläk boldy, onlarça adam şikeslendi.
Şeýle heläkçilikli ýol hadysalar barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek geçen aýyň başynda maglumat beripdiler. 8-nji ýanwarda ir sagat 9:00 töwereklerinde Daşoguz – Boldumsaz gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy. Şonda wakadan habarly polisiýanyň uly seržanty ýol hadysasyna ýokary tizlikde barýan ulagyň tekeriniň ýarylmagynyň sebäp bolandygyny aýdypdy.
Degişli maglumat Daşoguzda bolan ýol heläkçiliginde gelnalyjy kerweni gana bulaşdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli