Lebapda tebigy hadysa ýene-de ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiliginiň sandan çykmagyna getirdi. Türkmenabatda duşenbe günki ýagyşdan soň agyz we lagym suwlarynyň turbalary şäheriň birnäçe ýerinde ýaryldy.
14-nji oktýabrda Türkmenabat şäherinde ir sagat 4:00-dan sagat 11:00-e çenli güýçli ýagyş ýagdy. Howanyň temperaturasy birden 7-10 gradusa çenli peseldi. Tebigy ýagdaýyň netijesinde şäheriň birnäçe etrapçasynda agyz suw we lagym turbalary ýaryldy.
Şäheriň önümçilik zonasy hasaplanýan 66-njy bazaryň ýanyndan, tä himiýa zawodynyň ýanyna çenli aralykda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň ilaty turbalaryň ýarylmagy netijesinde akyp çykan hapalardan we syzan aýylganç ysdan ejir çekýändigini aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi“Howanyň temperaturasy birden aşaga düşdi. Yzýany turbalar çydamady, ýaryldy. Howlymyza lagym akyp ýatyr, ysyna durar ýaly däl” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Lagym we agyz suw turbalarynyň sandan çykmagy bilen bagly ýagdaý şäheriň “Demirýolçylar”, “Derýaçylar”,"Üç punkt” we “Ürgenji” etrapçalarynda ýüze çykdy.
Agyz suw turbalarynyň ýarylmagy zerarly bu etrapçalarda ýaşaýan ýüzlerçe adam suwsyz galdy. Bu etrapçalardaky ýaşaýyş jaýlaryň agyz suw üpjünçiligi şu günler ýygy-ýygydan kesilýär.
14-nji oktýabrda ýagan ýagyş we yzýany ýarylan turbalar şäheriň birnäçe ýerine zyýan ýetirdi we ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna erbet täsir etdi.
“66-njy bazardan başlap tä “Zergär” etrapçasyna çenli ýeriň ýüzüne sereder ýaly däl. Köçeler ýagyş bilen garylan kükürt tozanlarynyň ýere siňmegi netijesinde, ýeriň ýüzi sap-sary. Ondan başgada, ýaşaýjylaryň howlusyndaky ekinleriň ýapraklary ýagyşdan soň galan turşulyk damjalardan ýaňa, saralyp, hatda ýapraklarynda köýükden ýaňa deşikler emele geldi. Ýagyş ýagmadyk ýagdaýynda, Himiýa zawodynyň golaýlarynda howadaky kükürtden ýaňa dem almak gaty kyndy” diýip, şäheriň önümçilik zonasynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Şäheriň himiýa zawodyna ýakyn ýerleşýän mekdebiň okuwçysy: "Ertirki sapaga geldim, mekdebiň howlusyndaky toprak sap-sary” diýip, gürrüň berdi.
Türkmenabat şäheriniň himiýa zawodunyň işinden habarly çeşmeleriň biri bu ýerde kükürt kislotasynyň öndürilýändigini we çigmalyň üsti açyk wagonlarda demir ýolyň üsti bilen getirilýändigini belleýär. Şeýlelikde howadaky kükürt tozany ýagyşyň yzgaryna gatyşyp, töwerek daşa ýaýraýar.
“Demirýolçylar” etrapçasynyň ýaşaýjylary turbalar ýarylyp, lagym suwlarynyň töwerek-daşa ýaýramagy bilen bagly ýagdaýyň 2020-nji ýylyň 13-nji maýynda turan güýçli tupanyň netijesinde hem bolandygyny ýatlaýarlar. Şonda bu ýagdaý ýaşaýjylaryň köpçülik bolup, açyk nägilelik bildirmegine sebäp bolupdy.
“Aprel aýynda bolan harasatyň netijesine, etrapçanyň birnäçe turbalary ýarylyp, lagym suwy adamlaryň öýlerine girip başlady. Şonda 1500-e golaý adam bolup daşa döküldik. Şonda häkim gorkusyna turbalary oňartdy. Şol turbalar düýn hem ýaryldy. Indi bolsa goňşular bilen pul toplanyşyp, özümiz deşilmez ýaly başga bir materialdan turba goýmak barada gürleşdik” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenabatda ilat 20 sagat suwsuz galdyLebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň hapa suwlary akdyrmaga niýetlenen ýerasty lagym geçiriji ulgamlary ýygy-ýygydan bozulýar.
Azatlygyň habarçylary her gezek ýeriň astyndan çogup çykýan lagym suwlarynyň şäher ilatynyň durmuşynda uly oňaýsyzlyklary döredýändigini habar berýärler.
Türkmenabadyň jemagat infrastrukturasyndan habarly bilermenleriň geçen ýyl Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, şäheriň hapa suwlary ýerasty ulgamlar arkaly Çärjew etrabynyň golaýynda ýerleşýän hapa suw howdanlaryna akdyrylýar. Geçiriji ulgamlaryň ugrunda suw itekleýji enjamlar ornaşdyrylypdyr. Bu enjamlar her 5-6 sagatdan ýygnalan suwlary hapa suw howdanyna tarap itekleýär. Ýöne täzelenmedik we wagtynda bejerilmeýän esasy geçirijide we ýaşaýyş jaýlardan lagym suwlary alyp gaýdýan turbalarda yzygiderli näsazlyklar bolup geçýär.
Şäherde agyz suw geçiriji turbalaryň tehniki ýagdaýy hem öwerlikli däl. Agyz suw edarasynyň hünärmenleri düýpli bejerişe mätäç turbalary agaç bölejikleri ýaly iňňän ýönekeý serişdeler bilen ýamap, wagtlaýyn çäreler bilen çüýrän turbalary bejermäge synanyşýarlar.
Degişli maglumat Aşgabadyň ýaşaýjylary tutuş gün suwsuz galan wagtynda hökümet kadaly üpjünçilik barada hasabat berdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.