Türkmenabatda 'ýer parasy' ýokarlanýar

Türkmenabatda 2015-nji ýylda gurlan ýaşaýyş jaýlary

Azatlygyň habarçysy Türkmenabatda ýaşaýyş jaýlaryny gurýan hususy firmalaryň eýeleriniň jaý gurjak ýerleri üçin para bermeli bolýandygyny, bu paranyň möçberiniň barha ýokarlanýandygyny habar berýär. Hususy gurluşyk firmasynyň bir işgäriniň 19-njy maýda, anonimlik şertinde beren maglumatyna görä, jaý guruljak ýerleriň rugsadynyň parasy birnäçe ýüz müň dollara baryp ýetýär.

Türkmen şäherlerinde, şol sanda Türkmenabatda ilatyň elýeterli bahadan jaý almak ýa-da jaý gurunmak meselesi, ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, ‘kyn bolmagynda’ galýar we syzyp çykýan maglumatlar gurluşyklaryň çagalar meýdançalarynyň, seýilgähleriň ýerlerine çenli ‘dawa salýandygyny’, ýer rugsady meselesiniň häkimiýetler üçin ‘gowy girdejä’ öwrülýändigini yşarat edýär.

“Lebap welaýatynda gurulmasyz ýerde jaý gurýan gurluşyk firmalary, jaý gurmak rugsadyny almak üçin, welaýat häkimliginiň mesele çözýän emeldarlaryna para berýär. Guruljak jaýyň her öýüniň ýeriniň bahasy 100 müň manat, dollaryň resmi däl kursunda 5 müň dollar bahalanýar” diýip, sebitde gurluşyk işleri bilen meşgullanýan hususyýetçi firmanyň işgäri Azatlyga aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenabatda oýun meýdançalarynyň ýerleri gurluşyk firmalaryna 'para satylýar'

Onuň sözlerine görä, sebit merkezinde sowet döwründe gurlan dört we bäş gatly jaýlaryň arasynda çagalar meýdançalary, ýangyn howpsuzlygynyň ulaglarynyň hereket edip bilmegi üçin goýlan boş meýdanlar bikanun, ýerli ilatdan soralman, gurluşyk firmalaryna berilýär.

Düzgün boýunça ol ýerlerden ýaşaýyş jaýlaryny gurmak gadagan. Welaýat häkimi we gurluşyk firmalary öz aralarynda düşünişýärler we bu ýerlerden jaý gurýarlar” diýip, gurluşyk firmasynyň işgäri şu hili ýagdaýda gurulýan jaýlaryň her birinde azyndan 40 sany öýüň bolýandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, aýdylmagyna görä, häkimligiň jogapkär emeldarlarynyň bir jaýdan edýän gazanjy azyndan 200 müň dollara barabar bolýar.

Lebapdaky ýaşaýyş jaýlary esasan “Mizemez gadam”, “Awtotrans”, “Şagadat”, “Lebapgurluşyk önümçilik birleşigi”, “Demirbetonönümleri” we beýleki hususy firmalar tarapyndan gurulýar.

Gurulýan jaýlaryň aglaba bölegi emeldarlara, prokuratura, kazyýet işgärlerine, täsirli adamlaryň biznes bilen meşgullanýan garyndaşlaryna, Dubaýda ulag söwdasy bilen meşgullanýan adamlara niýetlenip gurulýar.

Hünärmeniň pikiriçe, gowy girdejisi ýa-da daşary ýurtlarda kömek edýän garyndaşy bolmadyk adamlar bu jaýlaryň ‘golaýyna gelmeýär’.

Ýerli firmalaryň gurýan jaýlarynyň ýagdaýy umuman erbet däl, kemçilikler bar, ýöne halk bu kemçiliklere kän gatyrganyp durmaýar diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenabatda onlarça ýaşaýjy seýilgähiň ýykylmagyna garşylyk bildirdi

Köp gatly jaýlaryň arasynda çagalar meýdançasy hökmünde goýlan ýerleriň gurluşyga berilmegi soňky 4-5 ýyllykda has ýygjamlaşdy, ýaşaýjylaryň bildiren protestleri, häkimlige ýazan arzalary netije bermedi. Olar “Ýer döwletiňki, siziň näme işiňiz bar?” diýip, dilden berlen jogap bilen oňmaly boldy diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçylary öň bu şäheriň ýaşaýjylaryna çölräk ýerlerden, gum içinden ýer bölünip berilýändigini, ol ýerleri almagyň kyn däldigini habar beripdiler.

“Emma indi bu ýerler hem “Kim köp bermeşek bäsleşiginde” ýeňiş gazananlara berilýär" diýip, aýry-aýrylykda gürleşen ýasaýjylar aýtdy.

Azatlyk ýerli häkimiýetlerden bu meseleler boýunça hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen metbugaty 13-nji martda Türkmenabatda dört gatly, her biri 18 öýli iki jaýyň ulanmaga berlendigini, bu jaýlary “Nusaý ýollary” kärhanasynyň gurandygyny habar berdi.

Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, bu jaýlary bu satyn alan raýatlar türkmenabat ýasaýjylary däl.

"...bu jaýlary aşgabatskiler, “Nusaý ýollary” firmasynyň işgärleri öz arasynda paýlaşyp, satyn alypdyrlar” diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýerli ýaşaýjy aýtdy

Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşi täze jaýyň birinji gatynda açylan täze dükanlaryň biriniň hem lebaply telekeçilere ýetmändigini öňe sürdi.

Türkmen häkimiýetleri bu habara hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.