Türkmenabatda ilatyň suw üpjünçiligi soňky bir hepdede tapgyr ikinji gezek kesildi

Lebabyň suw edarasynyň ulaglary (Arhiw suraty)

Lebabyň merkezi şäheri Türkmenabatda ilatyň agyz suw üpjünçiligi soňky bir hepdäniň dowamynda tapgyr ikinji gezek duýdansyz kesildi. Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde ýüze çykan bu näsazlyk, ilatyň gündelik durmuşynda dürli bökdençlikleri döretdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“17-18 iýunda Türkmenabadyň ýarysyndan köp böleginde ýene-de suw kesildi. Adatça bolşy ýaly, suwuň kesiljekdigi barada öňünden hiç hili duýduryş berilmedi” diýip, şäheriň Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, 3-nji, 374-nji, Bahar we Himik etrapçalarynyň ýaşaýjylarynyň ençemesi, öňkülerden tapawutlylykda, suw kesilenden soň, şäheriň suw üpjünçilik edarasynyň işgärleriniň raýatlaryň edýän telefon jaňlarynyň köpüsine jogap berendigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenabatda ilat 20 sagat suwsuz galdy

“Telefona jogap beren nobatçynyň aýtmagyna görä, kärhanada awariýa gaýtalanypdyr. Nobatçy “geçen hepdeki bejerilen turba täzeden ýaryldy” diýdi” diýip, 3-nji etrapçanyň ýaşaýjysy anonim şertde aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenabadyň ençeme etrapçasynda ilatyň agyz suw üpjünçiligi 10-11-nji iýunda hem duýdansyz kesilipdi. Şäheriň suw üpjünçilik edarasynyň tehniki işgärleriniň biri anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda suwuň kesilmegine kärhananyň suw üpjünçilik turbalarynda näsazlygyň döräp, olaryň ýarylmagynyň sebäp bolandygyny aýdypdy. Şonda turbalarda abatlaýyş işleri geçirilenden soň, 20 sagatlap suwsuz galan ilatyň suw üpjünçiligi gaýtadan dikeldilipdi.

Habarçymyz geçen hepdede hem bolşy ýaly, suwuň kesilmeginiň, howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, ilatyň gündelik durmuşynda, esasan nahar bişirmekde we hajathana zerurlyklarynda dürli bökdençlikleri döredendigini aýdýar.

Emma ol näsazlygyň Gurban baýramynyň ikinji we üçünji günlerinde ýüze çykmagynyň, hususan-da, gurbanlyk sadakalaryny berýän, öýlerine myhman çagyran ýaşaýjylara has-da urgy bolandygyny belleýär.

Degişli maglumat Aşgabatda agyz suwunyň hili ýaramazlaşdy

“Ýaşaýjylar dükanlardan gaplanan suw satyn alyp, suw zerurlyklaryny üpjün etmeli boldular. Azyk dükanlarynyň satyjylary bu ýagdaýdan peýdalanyp, plastiki gaplarda satylýan agyz suwunyň nyrhyny ýokarlandyrdylar. Ýöne agyz suwy berlenden soň, olar alyjylar arz-şikaýat edip ýetişmänkä, bahalary öňki derejesine getirdiler” diýip, şäheriň Himik etrapçasynyň ýaşaýjysy anonim şertde aýtdy.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde, şol sanda Türkmenabatda merkezleşdirilen suw, gaz desgalaryndan peýdalanylýar. Bu desgalaryň aglabasyny sowetler döwründe gurlan, könelişen suw we gaz geçiriji ulgamlar emele getirýär.

Munuň bilen baglylykda, ýaşaýjylar suw, lagym we gaz turbalarynyň ýarylmagy ýaly hadysalar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu hadysalar, hususan-da, tomsuň jokrama yssy we gyşyň aýazly günlerinde ýygjamlaşýar. Ýaşaýjylar ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp suwsuz we gazsyz galýar.

Türkmenistanda onýyllyklaryň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy, şeýle-de täze agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň ençemesi guruldy. Ýöne ýerli gurluşyk hünärmenleri, şeýle-de suw we elektrik edaralarynyň işgärleri häkimiýetleriň düýpli abatlaýyş işlerine mätäç köne desgalary bejermek üçin ýeterlik serişde goýbermeýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň suw, lagym, ýyladyş, we gaz turbalaryndaky näsazlyklar sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgamaýar.

Degişli maglumat Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.