Türkmenabatda ilat 20 sagat suwsuz galdy

Elinde suw gabyny göterip barýan zenan (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ençeme etrapçasynda 10-11-nji iýunda ilatyň agyz suw üpjünçiligi öňünden hiç hili duýduryş berilmezden kesildi. Bu ýagdaý, howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ilatyň gündelik durmuşynda dürli bökdençlikleri döretdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“10-njy iýunda sagat 16:00-da şäheriň etrapçalarynyň aglabsynda duýdansyz suw kesildi. Ýaşaýjylaryň suw üpjünçiligi 11-nji iýunda sagat 12:00 töwereginde gaýtadan dikeldildi” diýip, Bahar etrapçasynyň bir ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar

Şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji we Bahar etrapçalarynyň ençeme ýaşaýjysy suwuň kesiljekdigi barada öňünden duýduryş berilmändigini aýdýar.

Şeýle-de, olar onuň kesilmeginiň sebäpleri we haçan gaýtadan dikeldiljekdigi barada şäheriň suw üpjünçiligi edarasy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklarynyň hem oňyn netije bermändigini belleýärler.

“Ýaşaýjylaryň ätiýaçda alyp goýan suwy bolmansoň, bu naharlanmak we ýuwunmak, esasan hem hajathana meselesinde dürli kynçylyklary döretdi. Adamlar içimlik suwlary satyn alyp gün görmeli boldular” diýip, 1-nji etrapçanyň ýaşaýjysy belledi.

Azatlygyň suwuň kesilmegi we onuň sebäpleri barada teswir almak üçin şäheriň suw üpjünçiligi edarasy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne bu edaranyň tehniki işgärleriniň biriniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, suwuň kesilmegine kärhananyň suw üpjünçilik turbalarynda näsazlygyň döräp, olaryň hatardan çykmagy sebäp boldy.

“Suw basyşynyň çaltlyk bilen ýokarlanmagynyň öňüni alyp bolmanlygy sebäpli, şäheriň käbir etrapçalarynda suw turbalary ýaryldy. Bu bolsa, şäheriň köp etrapçasynda ilatyň suw üpjünçiliginiň kesilmegine getirdi” diýip, tehniki işgär belledi.

Bu aralykda, habarçymyz 11-nji martda irden şäheriň 3-nji kwartalyndaky köp gatly jaýlaryň meýdançalarynyň birinde agyz we lagym suw turbalarynyň ýarylandygyny synlasa bolýandygyny habar berýär.

Degişli maglumat Aşgabatda 10-a golaý köp gatly jaýyň ýaşaýjylary tas üç günläp suwsuz galdy

“26-njy, 33-nji, 34-nji we 39-njy köp gatly jaýlaryň emele getirýän inedördül meýdançasynda daş-töwerek suwa bulaşyp ýatyr. Bu dert gutarjaga meňzänok. Turbalar yzygiderli ýarylýar” diýip, 3-nji kwartalyň bir ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda Türkmenabatda ilat sowetler döwründe gurlan köne infrastruktura desgalaryndan, könelişen suw we gaz geçiriji ulgamlardan peýdalanýar.

Munuň bilen baglylykda, ýaşaýjylar suw we lagym turbalarynyň ýarylmagy ýaly hadysalar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu ýagdaýlar, ýaşaýjylaryň ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp suwsuz, gazsyz, elektriksiz galmagyna sebäp bolýar.

Türkmenistanda onýyllyklaryň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy. Ýöne ýerli gurluşyk hünärmenleri, şeýle-de suw we elektrik edaralarynyň işgärleri häkimiýetleriň düýpli abatlaýyş işlerine mätäç köne desgalary bejermek üçin ýeterlik serişde goýbermeýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň suw, lagym, ýyladyş, we gaz turbalaryndaky näsazlyklar sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.