Türkmenabatda hususy awtobuslaryň ýol nyrhlary bäş esse gymmatlady

Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda awtobus gatnawlarynyň sanynyň azaldylmagynyň sebäpleri aýdylmaýar.

Gündogar Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde döwlet awtobuslarynyň gatnawy azalýan mahaly, hususy awtobuslar ýol kireýleriniň bahasyny bäş esse artdyryp, bir manatdan bäş manada çykardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, 21-nji awgustda maglumat berdi.

Döwlet köpçülik transport serişdeleriniň gatnaw ugurlarynyň azalmagy şäheriň iň iri köçeleriniň biri bolan “Bitarap Türkmenistan” şa ýolunda we “S.Nyýazow” köçesinde has köp duýulýar. Bu iki köçe şäheriň esasy bölegini kesip geçýär.

“Bitarap Türkmenistan köçesinde hereket etmeli 7-lik we 2-lik awtobuslar alty aý bäri hereket etmegini doly bes etdi. S. Nyýazow köçesiniň duralgalarynda zordan her sagatda bir sany döwlet awtobusynyň gelýändigini görmek bolýar” diýip, Türkmenabat şäheriniň Bahar etrapçasynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenabatda 'saklanan' awtobuslaryň ýolagçylara 'gowuşmagyna' garaşylýar

Şäheriň birnäçe ýaşaýjysy döwlet awtobus gatnawlarynyň tutuş şäherde soňky alty aýyň dowamynda 5-6 gatnawa çenli egsilendigini aýdýarlar.

Hususy awtobus sürüjileri bu ýagdaýdan ýol kireýlerini artdyrmak arkaly düşewünt gözleýärler. Hususan-da, sowetler döwründe öndürilen GAZ-53 kysymly köne hususy awtobuslarda ýol kireýleriniň birden ýokarlanandygyny görmek bolýar.

“Biz ‘Gök’ bazarynyň öňünde durup, beýleki duralgalarda saklanmazdan, göni ‘Dünýä’ bazaryna gitmekçi bolýan ýolagçylary äkidýäris. Şonuň üçin, biz nyrhlary bir manatdan bäş manada ýokarlandyrdyk” diýip, GAZ-53 kysymly hususy awtobusyň sürüjisi aýdýar.

7, 8 we 2 belgili döwlet awtobuslary “Bitarap Türkmenistan” şa ýolunda, 6,13,10,1 we 7A belgili döwlet awtobuslary “S.Nyýazow” köçesinde hereket etmeli. Olaryň ýol nyrhy 50 teňňe.

Hususy awtobuslaryň ýol kireýi alty aý mundan ozal döwlet awtobuslarynyň ýol nyrhlaryndan iki esse ýokary bolup, ýolagçylar bu transport serişdelerine bir manat töleýärdi. Täze bahalar bilen bu ara tapawut on esse ýokarlandy.

Üstesine, ýerli ýaşaýjylar köne awtobuslaryň aglabasynyň ähli duralgalarda säginmän, diňe bir bazardan beýleki bazara çenli gatnamagynyň özleri üçin amatsyzlyk döredýändigini aýdýarlar.

“GAZ-53 kysymly awtobuslar, edil köpçülik taksisi ýaly, duralgalarda durmazdan, demirgazyk bazardan günorta bazara çenli hereket edýärler” diýip, Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.

“Gök” bazary "S.Nyýazow" köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Welaýatyň köpugurly söwda bazary bolan Merkezi bazar şäheriň çetinde, Türkmenabat-Mary gara ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

“Bitarap Türkmenistan” köçesi Türkmenabadyň gündogar bölegini dolulygyna kesip geçýär we Derýaçy etrapçasyndan başlap, Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasyna çenli uzap gidýär. Hökümet binalary, şol sanda welaýat häkimliginiň binasy, MHM bölümleriniň binalary, prokuratura edarasy we beýleki möhüm binalar bu köçäniň ugrunda ýerleşýär. Bu ýagdaý bilen baglylykda, öňki ýyllarda bu ýoluň ugrunda hususy awtobuslaryň hem-de marşrutkalaryň kireý etmegine gadagançylyk hem girizilipdi.

Degişli maglumat Aşgabatdan Lebaba iberilýän köne awtobuslar hem sürüjileri, hem-de ýolagçylary ‘köseýär’

Azatlyk Radiosy gündogar welaýatyň administratiw merkezindäki transport meseleleri barada yzygiderli habar berip gelýär.

Habarçylarymyz şu ýylyň ýanwarynda “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň awtoparkynda ençeme döwlet awtobuslarynyň ulanylman, açyk asmanyň astynda saklanylýandygyny habar berdiler.

Çeşmelere görä, önümçilik birleşiginiň hasabynda duran awtobuslaryň umumy sany takmynan 150 awtobusa çenli baryp ýetýär.

Ýöne transport resmileri bu awtobuslaryň näme sebäpden ulanylmaýandygy barada teswir bermeýärler.

Şeýle-de, türkmenabatly ýaşaýjylar bu şäherdäki köpçülik transport ulgamlarynda pensionerler, maýyplar, talyplar we okuwçylar üçin ýeňillikli tarifleriň açylmagyna we ýol töleg kart sistemasynyň ornaşdyrylmagyna umyt bildirýärler.

Ýerli ýaşaýjylar şeýle amatlyklaryň paýtagt Aşgabadyň transport ulgamlarynda bireýýäm ornaşdyrylandygyny belläp, öz şäherlerine-de şeýle mümkinçilikleriň getirilmegini isleýärler.

“Elmydama ähli zat Aşgabat üçin bar. Biz Türkmenistana degişli dälmi? Bizde maýyp-pensioner, ýa talyp, okuwçy ýokmy? Awtobus meselesi gozgalanda, täze alnan awtobuslar elmydama Aşgabada getirilýär we ol ýerdäki köne awtobuslar welaýatlara paýlanýar. Edil kiçi dogan, uly doganyň köne eşigini geýýän ýaly” diýip, Üçpunkt etrapçasynyň bir ýaşaýjysy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.