Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde güýçli depginde ýowar geçirilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýunda sebitden habar berdi.
Ýerli ýaşaýjylar gyssagly ýagdaýda we güýçlendirilen häsiýetde alnyp barylýan ýowarlary “görlüp-eşidilmedik” arassaçylyk we abadançylyk çäreleri atlandyrýarlar.
Türkmenabat halkara howa menziline barýan Arkadag köçesiniň ugrundaky binalaryň arassaçylygyna has köp üns gönükdirilýär.
“Arkadag köçesiniň bir tarapynda 22 sany, beýleki tarapynda 17 sany köp gatly ýaşaýyş jaý bar, şol jaýlaryň her birine kran diräp, jaýlaryň ýokarky gatlary boýalýar, boýag çalynýar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ulanylmaga berlen köp gatly ýaşaýyş jaý toplumlary Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde ýerleşýär.
Degişli maglumat Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýarÝerli ýaşaýjylar jemagat gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda şol jaýlaryň ählisinde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň alnyp barylýandygyny, şäheriň bu sebitine abadançylyk işlerinde ulanylýan ýörite awtoulaglaryň, kranlaryň üýşürilendigini aýdýarlar.
Galyberse-de, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ekilen arça agaçlary suw daşaýjy awtoulaglar bilen ýuwulýar.
“Bitarap Türkmenistan köçesiniň orta böleginde arça agaçlary ekilen gazonlar bar. Köçäniň ugrunda ýüzlerçe arça agajy bar, şolaryň ählisi suw sepýän awtoulaglar bilen ýeke-ýekeden ýuwuldy. Türkmenabadyň arassaçylyk gullugynyň işgärleri arça agaçlarynyň çöplerini syryp, arassaladylar” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy aýtdy.
Türkmenistanda, adatça, döwlet baştutanlarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda arassaçylyk we abadançylyk işleri güýçli depginde ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň sebitlerine aýlanyp, galla oragynyň depgini bilen tanyşýar.
Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy Türkmenabat şäherindäki döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň 16-njy iýundan bäri köpçülikleýin medeni çärelere çekilýändiklerini habar berýär.
Degişli maglumat Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi“Edara-kärhanalara Türkmenabat şäher häkimliginiň guramaçylyk toparyndan jaň gelýär: ‘daň bilen işgärleri çärä goýbermeli, ýa-da öýlän işgärleri çärä goýbermeli’ diýýärler” diýip, býujet işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýünde” medeniýet çäreleri geçirilýär. “Býujet işgärleri günüň dowamynda iki gezek çärä çekilýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylar aýdýar.
Medeniýet çärelerine milli egin-eşikde, milli lybaslarda gatnaşmak talap edilýär.
Şu günler Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Hepdelik soňky birnäçe ýyl bäri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýun – doglan gününe gabat getirilýär.
Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Arkadag şäheriniň 29-njy iýunda, ýagny öňki prezidentiň doglan gününde resmi taýdan açyljakdygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.