Bäş ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen Türkmenabat halkara howa menzili içerki gatnawlar bilen bir hatarda üstaşyr halkara uçarlara tehniki hyzmat ediş mümkinçiliklerini hödürleýän mahaly, heniz hem gonalgalaryň golaýyndaky ýangyç üpjünçilik beketleriniň işe girizilmegine garaşýar.
Türkmen metbugaty Gürjüstanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasynyň ýük uçarynyň 13-nji oktýabrda Türkmenabat Halkara howa menziline ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrandygyny habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu uçaryň Pekinden gelip gonandygyny hem-de tehniki hyzmatlar we uçar ýangyjy bilen üpjün edilendigini aýdýarlar.
Ýöne howa menziliniň hünärmenleri 2018-nji ýylda ulanylmaga berlen täze aeroportyň uçarlara niýetlenen ýangyç bekediniň heniz hem doly işe girizilmändigini, uçarlara zerur bolan ýangyjyň heniz hem täze howa menzilinden 28 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän köne aeroportdan daşalýandygyny aýdýarlar.
Döwlet metbugaty mundan ozal täze howa menziliniň işe girizilmegini Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýolunyň esasy ulag geçelgeleriniň birine öwrülmegine nobatdaky mysal hökmünde mahabatlandyrypdy.
Degişli maglumat Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldyAzatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenabat howa menziliniň heniz tamamlanmadyk ýangyç üpjünçilik desgasynyň töweregindäki meseleleri bir ýyldan gowrak wagt bäri gozgap gelýärler.
Iri transport desgasynyň gurluşyk işlerini ýerli “Gündogdy” hususy kompaniýasy ýerine ýetirdi.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri täze howa menzilinde halkara ýük ulaglaryna tehniki hyzmat bermegiň hem-de uçar ýangyjy bilen üpjün etmegiň häzirki şertlerde kynçylyk döredýändigini aýdýarlar.
Uçuşyň öňüsyrasynda uçarlara ýangyç guýulýar. Türkmenabat halkara howa menziliniň hünärmenlerine görä, uçuş-gonuş zolaklarynyň golaýynda ýangyç beketleri gurlup, bu beketlerden uçar gonalgasyna çenli ýeriň aşagyndan ýangyç geçiriji turbalar çekilipdir. Ýöne beketden turbalara ýangyç iberýän basyş nasoslary oturdylmandyr. Şonuň üçin, uçarlara zerur bolan ýangyç her gezeginde ýangyç daşaýjy ýük ulaglary arkaly onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän köne aeroportdan daşalýar.
“Ýük uçarlary has köp ýangyç talap edýär. Ýangyç daşaýjy ýük ulaglary täze aeroporta birnäçe gezek gatnamaly bolýar. Şeýlelikde, wagty çäkli bolan uçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin zerur bolan wagt hem uzaýar... Uçarlar aeroportdaky beketler arkaly ýangyç bilen üpjün edilse, has howpsuz bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň halkara howa menzilindäki çeşmeleri aýdýar.
“Gündogdy” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň tomsunda Kerki halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlap, munuň yz ýany, Jebel aeroportynyň gurluşygyna girişdi.
Ýöne Türkmenabat aeroportynyň ýangyç nasoslary heniz gurnalmaýar. Azatlygyň çeşmeleri bu nasoslaryň bahasynyň gymmatdygyny we daşary ýurt döwletlerinden satyn alynmalydygyny aýdýarlar.
Meýilnama laýyklykda, ilkibaşda, heniz işe girizilmedik ýangyç beketlerini halkara howa menziliniň iki ýyllyk kepillik möhletiniň dowamynda gurnamak göz öňünde tutulypdyr. Ýöne aradan bäş ýyl geçendigine garamazdan, howa menziliniň ýangyç beketleri täze nasoslara garaşýar.
Degişli maglumat Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýarTürkmenabat halkara howa menziliniň gurluşygy, ilkibaşda, 2013-nji ýylda Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasyna ynanyldy. Şol ýylyň fewralynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen bilelikde Türkmenabat halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ýöne soňra bu desganyň gurluşyk işleri ýerli kärhana geçirildi.
Türkmenistanda 2010-njy ýylda Türkmenbaşy halkara howa menzili, 2016-njy ýylda laçyn şekilli täze Aşgabat halkara howa menzili, 2018-nji ýylda Türkmenabat halkara howa menzili, 2021-nji ýylda Kerki howa menzili işe girizildi. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze aeroportyň gurluşygy dowam edýär.
Ýurduň howa menzilleri we “Türkmenistan” awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan dolandyrylýar.
Türkmenistanyň hökümeti täze transport desgalarynyň ýurdy möhüm halkara ulag geçelgesine öwürýändigini aýdýar. Ýöne Türkmenistanda ulanylmaga berilýän täze desgalar köplenç doly kuwwatynda ulanylmaýar. Üstesine, özüniň dünýäde we sebitde möhüm ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülendigini hem-de “açyk gapylar syýasatyny” alyp barýandygyny aýdýan Türkmenistan ýapyklykda we halkara arenasynda öz-özüni üzňeleşdirmekde tanalýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.