Türkmenabat halkara howa menziliniň işgär sany azlyk edýär

Türkmenabat halkara howa menzili

Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat halkara howa menzilinde işgärler goşmaça tabşyryklara çekilýär, işgär sany azlyk edýär. Şol bir wagtda, howa menziliniň işgärleri ýeňilliklerden mahrum edilýär.

Bu aralykda, Aşgabat halkara howa menzilinde uçarlar kadaly tehniki hyzmatlar bilen üpjün edilmeýär. Uçar tekerleriniň öz wagtynda çalşyrylmazlygy uçuş we gonuş wagtynda töwekgelçilik döredýär.

Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji awgustda “Türkmenhowaýollary” agentliginde işgärleriň iş ýüküniň soňky ýyllarda artandygyny Aşgabatdan habar berdi. Türkmenabat howa menzilinde hem işgärler ýaramaz iş şertlerinden şikaýat edýärler.

“Aeroportdaky ýörite tehnikalara erk etmäge işgär ýok. Awtobusy we bagažlary daşaýan ýük ulagyny şol bir işgär dolandyrýar. Bir ulagdan düşüp, ylgap, ikinji ulaga erk edip başlaýar” diýip, bir işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Işgär sanynyň azlygy bir işgäriň üstüne birnäçe tabşyrygyň ýüklenmegine getirýär. Tam süpürijiler howa menziliniň baglaryna ideg etmeli bolýar. Howa menzilindäki Tiz kömek ulagyny sürer ýaly sürüji ýok.

Degişli maglumat ‘Türkmenhowaýollarynyň’ işgärleri günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar

Ozal Tiz kömek sürüjisi bar ekeni, ýöne ulagyň ätiýaç şaýlar bilen üpjünçiligi sürüjiniň üstüne ýüklenensoň, ol zähmet hakyny ätiýaç saýlar üçin harçlamak islemeýändigini aýdyp, sürüjilik işini taşlapdyr.

“Häzir Tiz kömek ulagy hem şol awtobus we bagaž daşaýjy ýük ulagynyň sürüjisiniň üstüne ýüklendi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Işgärler özleriniň öz wezipe borçlaryndan daşgary hatda pagta ýygymyna-da çekilýändiklerini aýdýarlar.

Gijeki çalşykdan çykan adamlaryň üstüne ir bilen goşmaça tabşyryklaryň ýüklenýän pursatlary bolýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy “Türkmenhowaýollary” agentliginde iş orunlarynyň yzba-yz kemeldilmeginiň işgärleriň üstüne goşmaça tabşyryklaryň ýüklenmegine getirendigini habar berdi.

Iş ýüküniň artmagy işgärleri iş wagtyndan artykmaç işlemäge, hatda dynç günlerinde hem işe çykmaga mejbur edýär.

Lebapdaky habarçymyz Türkmenabat halkara howa menzilinde hem soňky ýyllarda iş orunlarynyň azaldylandygyny habar berdi.

Galyberse-de, türkmenabatly işgärler soňky ýyllarda howa menziliniň işgärleriniň käbir ýeňilliklerden mahrum edilendigini aýdýarlar. Meselem, howa gullugynyň işgärlerine tölegsiz berilýän çäkli uçar petekleri aradan aýrylypdyr.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan işgärler şeýle ýeňillikleriň pandemiýadan soň ýatyrylandygyny aýdýarlar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň düzümine ýurtdaky halkara howa menzilleri, Howa gatnawlarynyň Baş gullugy, “Türkmenistan” awiakompaniýasy we başga-da birnäçe kärhana girýär.

Agentligiň Aşgabat Halkara howa menzilinde uçarlar öz wagtynda guratlyk hyzmatlary bilen üpjün edilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan işgärler ykdysady ýagdaýlar zerarly, uçarlara zerur bolan ätiýaç şaýlaryň satyn alynmaýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Moskwa edilen pilotsyz uçar hüjümleriniň arasynda Türkmenistan rus paýtagtyna uçuşlaryny togtadýar

Türkmenistanyň hökümeti wagtal-wagtal täze uçarlaryň satyn alynýandygyny mälim edýär, ýöne, bu aralykda, ozal bar bolan uçarlar ätiýaç şaýlaryndan mahrum galýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ammarlaryna iýul aýynda täze Boeing uçarynyň gelip gowşandygy habar berildi. Şondan bir aý ozal, iýunda howa daşaýjysynyň uçarlarynyň üstüni ýene-de alty Boeing uçary bilen dolunjakdygy habar berildi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir howa gullugynyň işgäri uçarlaryň tehniki hyzmatlar bilen kadaly üpjün edilmezligi bilen baglylykda, içerki uçar gatnawlarynyň sanynyň azaldylýandygyny äşgär etdi. Ol käbir uçarlarda möhleti geçen tekerleriň ulanylýandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň, hususan-da uçuş we gonuş wagtynda töwekgelçilik döredýändigini gürrüň berdi.

“Uçarlaryň guratlygy ygtybarly däl. Uçarlaryň tekerleriniň möhleti doldy, bu ýagdaý uçuş we gonuş pursatynda ýolagçylaryň janyna we saglygyna howp abandyrýar” diýip, işgär aýtdy.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, içerki gatnawlara degişli uçarlar tehniki aladalar sebäpli umumy ýolagçy kuwwatyndan 50-60 göterim az ýolagçy gatnadýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabat we Türkmenabat halkara howa menzillerinde işgärleriň iş şertleri boýunça “Türkmenhowaýollary” agentliginden goşmaça teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.