Türkmenistanda üç gün dowam eden Gurban baýramy Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) güýçlendirilen gözegçiligi astynda bellenip geçildi.
Döwlet telewideniýesinde ýurduň ähli sebitlerinde şowhunly baýramçylyk dabaralarynyň geçirilendigi habar berildi. Türkmenabatda baýramçylyk güni geçirilendigi habar berlen köpçülik çäreleri üç gün öňünden guramalaşdyrylyp, döwlet telewideniýesi üçin wideo ýazgy edilipdir.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň baş metjidinde hem sebit ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakalarynyň berlendigini we bu çäräniň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzyny berjaý edip, Saud Arabystany patyşalygyndan dolanandan soň, döwlet telewideniýesinde efire berilmegine garaşylýandygyny habar berýär.
Türkmenistanda 28-29-30-njy iýun günleri türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy bellenip geçildi. Gündogar Lebap welaýatynda asuda bellenip geçilen baýramçylyk günleri sebit merkeziniň köçelerinde güýçlendirilen polisiýa gözegçiligi bilen ýatda galdy.
Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri baýramçylyk uniformalarynda, ak reňkli polisiýa eşiginde köçelere çykypdyrlar.
Degişli maglumat Baýramyň öňüsyrasynda, gök-bakja önümleriniň bahalary gymmatladyBir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bir köçäniň ugrunda ýedi polisiýa işgäriniň topar bolup durandygyny gürrüň berdi.
“Dürli bahanalar bilen awtoulaglary saklap, sürüjilerden para alýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda ýol polisiýasy sürüjilerden para almakda yzygiderli tankytlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Gurban baýramynda ýerli ýaşaýjylaryň awtoulaglardan az peýdalanýandyklaryny habar berýär.
Ýurtda möhüm seneleriň dowamynda we baýramçylyk günleri köplenç howpsuzlyk çäreleri uçdantutma güýçlendirilýär.
Ilat arasynda gurbanlyk günleri gazanlar atarylýar, sadakalar berilýär we maşgalalar birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar, ýaşlar hiňňildikde uçýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabat şäherinde baýramçylyk şowhunynyň pes bolandygyny habar berýär.
Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi baýramçylyk günlerinde ýurduň ähli sebitlerinde medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dabaralaryň geçirilendigini habar berdi.
Resmi mediada 28-nji iýunda sebitleriň baş metjitlerinde okalan Baýram namazlary we munuň yz ýany sebit paýtagtlarynda utgaşan baýramçylyk çäreleri görkezildi. Baýramyň ikinji gününde hem baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlardan wideo reportažlar görkezildi.
Dabaralarda medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna uly orun berildi diýip, döwlet mediasy aýdýar. Çäreleriň dowamynda göreş, tanap çekmek we ýaglyga towusmak ýaly oýunlar oýnalypdyr.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabadyň seýilgählerinde iki-ikiden hiňňildikleriň guralandygyny we hiňňildikleriň golaýynda polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilendigini habar berýär.
“Gije sagat 22:00-dan soň polisiýa hiňňildikleriň daşyna zynjyr aýlap, gulplap goýdy” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
“[Çäreler] baýramçylygyň geçýän ýerlerinde guralan hiňňildiklerde ýaşlaryň bat alyp uçmaklary bilen utgaşyp gitdi” diýip, döwlet mediasy aýdýar.
Degişli maglumat Mollalar Gurbanlyk sadakalarynyň ‘dilegçilere däl-de, metjitlere berilmegini’ ündeýärBu aralykda, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň agzalary 29-30-njy iýun aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin mukaddes Mekge şäherinde saparda bolýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy iýunda beren maglumatynda Lebap welaýatynyň Baş metjidinde Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyndan dolanjak gününe gabatlap, döwlet telewideniýesinde efire bermek üçin, öňünden ýerli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda sadaka çäresiniň gurnalandygyny habar berýär.
“Lebap welaýatynyň Baş metjidinde Türkmenabat şäheriniň ähli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Gurban baýramy mynasybetli sadaka berildi. Başlyklar we orunbasarlar iýip-içip gaýtdylar. Sadakany wideo ýazgy etdiler. Bu wideo ýazgyny hem, adat bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinden dolanyp geleninde, welaýatlarda sadaka berildi diýip, döwlet telewideniýesinde görkeziler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sadaka çäresinden habarly bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirdi.
Mundan ozal, habarçylarymyz ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda raýatlaryň arasynda dini meýilleriň ýokarlanýandygyny, muňa bolsa, “jemgyýetdäki dartgynlylygyň buguny çykarmak üçin” häkimiýetler tarapyndan rugsat berilýändigini habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.