Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda satylýan azyk önümleriniň gytçylygyna we hiliniň pesdigine, şeýle-de uly nobatlara garamazdan, hyrydary köp bolýar. Soňky günlerde Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda satylýan azygyň möçberi örän azaldy.
Şäheriň döwlet dükanlarynda çäkli mukdarda satylýan buhanka çöregi demirgazyk etrapçalarda alyjylara adam başyna iki sany, günorta etrapçalarda 3-den satylýar. Ondan artyk berilmeýär. Un her maşgala 4 kilogramdan köp satylmaýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň 19-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, sosial taýdan döwletiň kömegine mätäç raýatlar üçin öň göz öňünde tutulan käbir ýeňillikler hem şu aýyň başyndan güýjüni ýitiripdir.
Degişli maglumat Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär"Eger-de maşgalada sosial tarapdan goraga eýe bolan adam bar bolsa, meselem maýyp ýa-da owgan urşunyň weterany, olara aýratyn her aýyna 5 kg un berilmeli. Emma sosial taýdan goraga mätäç adamlar awgust aýyndan bäri, şeýle mümkinçilikden peýdalanyp bilmeýärler. Mysal üçin bir maşgalada 2 sany maýyp bar bolsa, bu maşgalada her maýyp adama aýyna 5 kg un arzan bahadan satylýardy, indi tutuş maşgala aýyna 4 kg un satylýar" diýip, türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy döwlet dükanlarynda arzanladylan nyrhdan azyk söwdasyna degişli soňky çäklendirmeler we olaryň sebäpleri barada lebaply söwda resmilerinden teswir we düşündiriş alyp bilmedi.
Türkmenabatly maýyplygy bolan ýaşaýjynyň gürrüň bermegine görä, ýeňillikleriň ýatyrylmagy onuň durmuşyna uly täsir ýetiripdir.
“Adatça biz nobatsyz azyk alardyk. Bu günler bizede haryt berlenok. ‘Garaşyň belki indiki aý geler’ diýen sözleri eşidýäris” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy döwlet dükanynyň satyjysyny sitirleýär.
Ýene bir türkmenabatly alýan pensiýasynyň bazardan haryt almak üçin ýetmeýändigini aýdýar: "Alýan pensiýamyz hiç zada ýetenok. Subsidirlenen önümleriň bolmaklygy biraz ýardam ederdi. Onyda elimizden alýarlar".
Barha garyplaşýan ilat köpçüligi uly nobatlarda durmaly bolsa-da, bazardakysyndan sähel arzanrak iýmit önümlerini döwlet dükanlaryndan satyn almaga synanyşýar. Sebäbi döwlet dükanlaryndaky önümler bazardakysyndan biraz arzan bolýar.
Döwlet dükanlarynda ýumurtganyň bahasy 1 manat 45 teňňe, bazarda 2 manat. Unuň bir kilogramy 4 manat, bazarda şol bir un iki esse gymmat. Pagta we günebakar ýagynyň bir litriniň döwlet bahasy bazar bahasyndan 2 manat arzan.
Döwlet dükanlarynda satylýan un-çöregi we beýleki azyk önümlerini ýerli raýatlar subsidirlenen diýip atlandyrýar. Döwlet tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli bahadan azyk önümlerini satmak düzgüniniň ýatyrylandygy resmi taýdan yglan edilmese-de, soňky ýyllarda bu tejribe çäklendirilip, şu ýylyň başynda tas doly aradan aýrylypdy.
Şu wagt Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen diýlip hasaplanýan önümleriň sanawyna çörek, un, ýumurtga, rafinirlenmedik "Ahal" pagta ýagy we rafinirlenen günebakar ýagy satuwda peýda bolýar. Olar bilen bir hatarda markalanmadyk pagta ýagy, towuk budy ýa-da tutuş towuk eti käwagt satuwda peýda bolupdyr.
Emma towuk eti we ýumurtga tekjelerden aýrylypdyr.
“Dükanlarda ýene-de ýumurtga, towuk budy ýok. Çörek hem çäkli möçberde satylyp başlandy” diýip, Türkmenabat şäheriniň döwlet dükanlarynyň birine azyk satyn almak üçin baran türkmenabatly ýaşaýjy 19-njy sentýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabatda azyk önümleri 100%-e çenli gymmatladyHabarçymyza görä, ýumurtga we towuk budunyň ýetmezçiligi şäheriň ähli döwlet dükanlarynda duýulýar we bu ýagdaý adamlaryň gaharyny getirýär.
"Ýyllaryň dowamynda şol bir zatlar gaýtalanýar. Ýüze çykýan gytçylyga öwrenişdik. Gowy gazanç etmäge mümkinçilik bolan bolsa, subsidirlenen öňüme mätäç bolmazdyk" diýip etrap ýasaýjysy aýdýar.
Döwlet dükanlarynda seýrek we çäkli mukdarda satylýan we alyjylara uly kynlyk bilen elýeterli bolýan harytlaryň hiliniň erbet bolmagy köp duş gelýär.
Çäkli mukdarda satylýan pagta ýagynyň hiliniň bu günler peselendigini ýaşaýjylar gürrüň berýärler.
“Berýän pagta ýagy rafinirlenmedik, gara reňkli, maşynlaryň köne karbýurator ýagyna meňzeýär, hem-de güýçli köpürjekleýär. Soňky alynan subsidirlenen ýagdan nahar bişirdik, öýdäkileriň barysynyň ýüregi bulanyp, garny agyrdy" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanda hökümet tarapyndan resmi derejede boýun alynmadyk azyk krizisi 2017-nji ýylyň aýagynda başlandy we şondan bäri dowam edýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.