Şu günler Lebabyň Türkmenabat şäherindäki saglyk öýleriniň aglabasynda ene-atalaryň we çagalaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ene-atalar çagalaryny tomusky dynç alyş merkezlerine ýerleşdirmek üçin zerur bolan saglyk resminamasyny almaga çalyşýarlar.
Bu aralykda, ene-atalaryň ençemesi sebitdäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezindäki şertlerden şikaýat edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
“Çagalaryny tomusky dynç alyş merkezlerine ýerleşdirmek isleýän ene-atalardan ogul-gyzlaryny özlerine berkidilen saglyk öýlerinden saglyk barlagyndan geçirmek talap edilýär. Munuň bilen baglylykda, saglyk öýleriniň öňlerinde uly nobatlar döredi” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ene anonim şertde aýtdy.
Barlagdan geçen çagalar “saglyk ýagdaýynyň oňatdygy baradaky lukmançylyk delilnamasyny” degişli dynç alyş merkeziniň müdirine tabşyrmaly bolýarlar.
Degişli maglumat 'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, nobatlaryň emele gelmegine bir tarapdan, tomus paslynda çagasyny sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ibermek isleýänleriň köp bolmagy sebäp bolýar.
Beýleki tarapdan bolsa, munuň sebäbi saglyk öýleriniň işgärleriniň pursatdan peýdalanyp, goşmaça gazanç etmäge çalyşmagy bilen baglanyşykly.
“Ene-atalar lukmançylyk delilnamasyny öz wagtynda almak üçin saglyk öýleriniň lukmanlary bilen gürleşmäge mejbur bolýarlar. Lukmana 200 manady nagt beren ene-atalaryň delilnamalary dessine taýýarlanyp berilýär” diýip, başga bir türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, 200 manat gurply hojalyklaryň ýa-da ýokary döwlet wezipelerinde işleýän raýatlaryň maşgala býujetine o diýen täsir etmeýär. Ýöne bu, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gurpdan düşen köp hojalyga goşmaça urgy bolýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şeýle-de sebitiň saglygy saklaýyş bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde iýunyň başyndan awgustyň ahyryna çenli tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär.
Döwlet mediasy bu döwürde okuwçylaryň ýurduň dürli künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp gelýär. Emma onda okuw esbaplaryny satyn almak üçin tomusky dynç alyş möwsüminde zähmet çekmäge mejbur bolýan çagalar barada mesele gozgalmaýar.
Bu aralykda, lebaply ene-atalaryň ençemesi sebitdäki “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde infrastruktura bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bardygyndan we işgärleriň hünär derejesiniň pesliginden şikaýat edýär.
“Elektrik togy her gün diýen ýaly öçýär. Öň goşmaça generatorlar ulanylardy, indi ol hem arzuwa öwrüldi. Jokrama yssyda sowadyjylar we kondisionerler işlemeýär. Käbir ene -atalar çagalaryny öýüne alyp gidýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda çagalar “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýär”Ol şertnamada görkezilenden tapawutlylykda, merkeziň işgärleriniň çagalaryň dynç almadyk günleriniň tölegini yzyna gaýtaryp bermeýändigini hem aýdýar.
“Munuň bilen baglylykda, ene-atalar bilen merkeziň işgärleriniň arasynda dawa-jenjeller hem köp bolýar” diýip, türkmenabatly ene belledi.
Ýerli habar saýty “Jeyhun.news” Amyderýanyň ýakynynda ýerleşýän bu merkeziň bir bada 300 okuwçyny kabul etmäge niýetlenendigini aýdýar.
“Bu ýerde ýatylýan we dynç alynýan otaglar, suwa düşülýän howuzlar, naharhana, aýdym-saz, kompýuter otaglary, sport meýdançasy bar” diýip, neşir belleýär.
Ýöne ene-atalar çagalaryň bu amatlyklaryň köpüsinden peýdalanyp bilmeýändiklerini, olaryň kompýuter we aýdym-saz otaglaryna goýberilmeýändigini aýdýarlar.
“Merkeziň terbiýeçileriniň we bu ýerde tejribe geçýän mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň hünär derejesi we hereketleri hem alada döredýär. Çagalara seretmeli talyplar çagalar bilen bir hatarda howuzda suwa düşýärler. Bu lageriň içki tertip-düzgünine laýyk gelmeýär. Terbiýeçiler we ýolbaşçylar hem muňa üns bermeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan merkezden we sebitiň bilim bölüminden teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.