Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň 30-njy iýundan 1-nji iýul aralygynda Doha şäherinde geçirilen üçünji duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar, şol sanda häzirki owgan häkimiýetiniň wekilleri Owganystandaky häzirki syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaý, Owganystandaky hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek barada pikir alyşdylar diýip, Türkmen DIM-I habar berýär.
Türkmen wekiliýetiniň baştutany öz çykyşynda, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda, Türkmenistanyň owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek bermek tagallasyny edýändigini belledi.
Şeýle-de, A.Gurbanow Türkmenistanyň, halkara borçnamalaryna laýyklykda, beýleki döwletler we halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we häzirki zaman howplaryna garşy göreşmekde işjeň syýasat alyp barýandygyny belledi.
Degişli maglumat 60-a golaý öňki owgan tussagy Türkmenistandan Owganystana gaýdyp geldi