14-nji awgustda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, türkmen metbugaty 15-nji awgustda habar berdi.
Geňeşmeleriň türkmen tarapyna hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garadylar.
Energetika pudagy, şeýle-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar medeni dialogy giňeltmek meselelerine garadylar. Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.
Mundan başga, 13-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň binasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmeleri, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we tükelleýiş işlerini geçirmek boýunça geňeşmeler, türkmen we türk daşary syýasy edaralarynyň maglumat howpsuzlygy bölümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Geňeşmelere degişli pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle-de, taraplaryň kiber howpsuzlygyny üpjün etmekde “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hem-de sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan howplara garşy durmak boýunça meseleleriň giň toplumyny” ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar.