26 ýaşly sport ussady Muminjan Arzikulow Astanada sambo boýunça geçirilen dünýä çempionatynda altyn medal gazandy diýip, türkmen metbugaty 13-nji noýabrda habar berdi.
Üç günlük ýaryşa 80 ýurtdan 470 töweregi türgen ýygnandy.
Muminjan Arzikulow 71 kilograma çenli agramdaky 24 türgeniň bäsleşigine gatnaşyp, dünýä çempiony boldy.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Muminjan Arzikulow 10 ýyldan gowrak wagt bäri sambo bilen meşgullanýar.
Ol geçen ýyl Gyrgyzystanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanypdy.
Degişli maglumat Aşgabatda 2025-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler