Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar?

Özegistanyň keselhanasy

Saglygyny bejermek üçin goňşy Özbegistana gidýän türkmenistanlylaryň sany köpelýär. Goňşy ýurduň medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin gidýänleriň arasynda türkmen lukmanlary hem bar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen lukmanlary we adaty raýatlar bilen söhbetdeş bolup, munuň sebäplerini soradylar.

Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda we şäheriň saglyk öýlerinde zähmet çekýän medisina işgärleri Özbegistana gidýän ýerli ýaşaýjylaryň sanynyň gitdigiçe köpelýändigini tassyklaýarlar. Olaryň sözlerine görä, goňşy ýurda köplenç serhetdeş Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary barýar.

Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitleriniň lukmanlarynyň we ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolup, beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda kadaly medisina hyzmatlary köpçülige elýeterli däl, sebäbi hili ýaramazlaşýar, keselhanalarda ýer ýok, tejribeli lukmanlar ýetmezçilik edýär, saglyk edaralary zerur enjamlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýär, derman ýetmezçiligi saklanýar, medisina hyzmatlarynyň tölegleri kesgitsiz we gymmat. Üstesine parahorluk adamlaryň saglygyny bejermek mümkinçiligini peseldýär.

Degişli maglumat TH: Türkmenistanda dermanlaryň bahasy bir ýylda 30% ýokarlandy

"Welaýatyň merkeziniň köpugurly hassahanalarynyň abzallar bilen üpjün edilmegine garamazdan, beýleki edaralarda sowet döwründen galan hem-de sandan çykan enjamlar işledilýär. Çäreden-çärä gatnadylyp, ýeterlik derejede bilim almak hukugyndan mahrum edilen talyplar, lukmançylyk okuwyny tamamlap geleninden soň, hassalaryň keselini anyklamak üçin internetdäki maglumatlardan peýdalanýarlar, hatda sanjym hem edip bilmeýärler” diýip, türkmenabatly lukman aýdýar.

Türkmenabat şäheriniň başga bir keselhanasynda işleýän lukman gündeki işi üçin zerur enjamlary öz hasabyna satyn almaly bolandygyny gürrüň berdi.

Ýurduň paýtagt we welaýat hassahanalarynda medisina kömegine mätaç hassalaryň uly nobatlarynyň döreýändigi, hatda-da Aşgabadyň onkologiýa keselhanasynda boş ýeriň ýokdugy barada habarçylarymyz soňky aýlarda ençeme gezek habar beripdi.

Lebap welaýatynyň “Göz keseller” hassahanasyna bejergi almak üçin baran türkmenabatlylar bu ýerde köp hyzmatlaryň, şol sanda göz protezleri goýdurmak hyzmatynyň üpjün edilmeýändigini we şu sebäpden goňşy Özbegistana gitmeli bolandygyny gürrüň berdiler.

Aşgabatly lukmanlar hem keselhanalarda hassalary göz ugrundan kadaly bejermek üçin mümkinçilikleriň çäklidigini belleýärler.

“Dürli sebäplere görä gözünden mahrum bolan adamlara, ýörite göz protezleri gerek. Aşgabatdaky Sary Karanow adyndaky göz kesellerini bejerýän halkara merkezi gözünden mahrum bolan adamlara ýörite hirurgiýa proseduralaryny heniz amala aşyryp bilmeýär. Olary gerekli protezler bilen hem üpjün edip bilmeýär" diýip, lukman aýdýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny bejermek üçin daşary ýurtlara gitmeginiň meşhurlygy soňky birnäçe ýylda hasam artdy. Ozal köplenç Orsýete, Türkiýä, Hindistana gidilen bolsa, soňky wagtda türkmenistanlylaryň medisina hyzmatlary üçin saýlaýan ýurtlarynyň hataryna Özbegistan hem goşuldy.

Degişli maglumat Aşgabadyň onkologiýa keselhanasyna ýüz tutýanlar köpelýär

Türkmenabatly lukmanlar Özbegistanyň keselhanalarynyň maddy üpjünçiliginiň we lukmanlaryň iş şertleriniň Türkmenistana garanda has gowudygyny belleýärler.

“Özbegistan bize görä soňky ýyllarda saglygy goraýyş turizmini işjeň ösdürip başlady, bu bolsa goňşy ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlaryny özüne çekýär. Demirgazyk we Gündogar welaýatlaryň ýaşaýjylary Özbegistan bilen baglarynyň bolmaklygy, Özbegistanyň serhetýaka ýurt bolmaklygy hem-de Russiýa ýa-da Türkiýe seredende elýeterli bahalarynyň bolmaklygy sebäpli şol ýere gidýärler" diýip lebaply lukman gürrüň berdi.

Ýaňy-ýakynda Özbegistanda ejesiniň gözüni bejerden türkmenabatly ähli çykdajylaryň tas iki esse arzan düşendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, özbek klinikasynda ähli medisina barlaglaryny geçmek we operasiýany etmek üçin hyzmatlaryň tölegi 2300 dollara barabar bolupdyr. Aşgabatda bolsa şol bir hyzmatlar üçin 4 müň dollar talap edilipdir.

Türkmen lukmanlary Türkmenistan bilen deňeşdirilende Özbegistanda häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny çekmek we kardiologiýa, onkologiýa, oftalmologiýa we ortopediýa ugurlarynda has gowy lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin has köp maýa ýatyrylýar diýip, hasap edýärler.

Türkmenistan öz raýatlarynyň syýahatçylyk akymyny görkezýän resmi sanlary çap etmeýär. Şeýle-de bolsa, ýurduň migrasiýa gulluklaryndaky pasport nobatlary, uçar biletleriniň gytçylygy we goňşy Özbegistan bilen gury-ýer serhetinden geçmek isleýänleriň nobatlary we kynçylyklary ilatyň daşary ýurtlara çykmak synanyşyklarynyň möçberini görkezýär.

Özbek mediasynyň maglumatlaryna görä, ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistana sapar eden daşary ýurt raýatlarynyň sanawynda türkmenistanlylar ilkinji orny eýeläpdir.

Türkmenistanyň raýatlaryndan goňşy Özbegistana syýahat etmek üçin wiza talap edilýär.

Daşoguz we Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, soňky ýyllaryň dowamynda Özbegistanyň lukmançylyk ýokary okuw jaýlarynda we lukmançylyk kollejlerinde bilim alan türkmen ýaşlarynyň sany köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.