Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji noýabrda BMG-niň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.
Todt Aşgabada “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin geldi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistana 2013-nji we 2016-njy ýyllarda hem sapar eden Žan Todt, habarda aýdylmagyna görä, “Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyny we ýol howpsuzlygyny üpjün etmek babatda işjeň iş alyp barýandygyny” nygtapdyr.
Duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek barada kabul eden kararynyň ähmiýeti bellenipdir.
Taraplar Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýaly iri gurluşyk taslamalaryny, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini ara alyp maslahatlaşdylar, ýurtda awtosporty ösdürmek meselesine seretdiler diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de taraplar ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky hyzmatdaşlygyň mundan aňryk hem berkidilmegine ynam bildirdiler.
Türkmenistan ýurduň ýollarynda bolýan heläkçilikli wakalar, paýtagtda we sebitlerde ýüze çykýan ganly köçe-ýol hadysalary barada ilata maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.
Degişli maglumat Boldumsazda bolan ýol heläkçiliginde alty adam öldi, Türkmenabatda bir adam ýaralandy