Türkmen sportçysy Alparslan Begenjow 20 ýaşa çenli türgenleriň erkin göreş boýunça Ispaniýada tamamlanan dünýä çempionatynda şeýle ýokary derejede geçirilen olimpiýa görnüşli ýaryşda altyn medal gazandy diýip, türkmen metbugaty habar berdi.
Aşgabatly, 18 ýaşly halkara klasly sport ussady 79 kilograma çenli agramda bäsleşen 27 pälwanyň içinde iň güýçli diýen derejäni aldy.
Altyn medala barýan ýolda Alparslan garşydaşlaryndan ýekeje gezek hem asgynlamady we jemi 46: 0 hasabynda bäş ýeňiş gazandy.
Türkmen pälwanynyň U-20 ýaşlar göreşi boýunça dünýä çempionatynda gazanan altyn üstünliginiň hormatyna Ispaniýanyň Sport köşgünde ýurduň baýdagy galdyryldy we Türkmenistanyň gimni ýaňlandy.
Alparslan Begenjow mundan öň Taýlandda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda hem altyn medal aldy. Bu barada türkmen onlaýn neşirleri 25-nji iýulda habar berdi.
16-24-nji iýul aralygynda Siraça şäherinde geçen çempionatda Begenjow 79 kilogram agram derejesinde, 11 türgeniň arasynda geçen ýaryşlara gatnaşdy.
Maglumata görä, Begenjow geçen aý Ammanda geçirilen U-23 Aziýa çempionatynda hem bürünç medal gazandy.