Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek topary 16-njy iýulda Daşkente duşuşyp, özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdi. Bu aralykda, pasportynda Türkmenistanyň wizasy bolan bir özbegistanly zenan Şabat awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadyndan Türkmenistana goýberilmedi. Synçylar türkmen we özbek halklarynyň arasynda özara gelim-gidimi ýeňilleşdirmegiň, wiza düzgünlerini aradan aýyrmagyň, ýa-da aňsatlaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekýärler.
“Biznes Türkmenistan” neşirine görä, türkmen we özbek resmileri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar; oba we suw hojalygy, hususan-da sebitiň suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly pikirleri alyşdylar.
“Türkmenistanyň hronikasy” neşirine görä, Özbegistanyň Buhara welaýatynyň ýaşaýjysy bolan we Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna zyýarata barýan bir özbegistanly zenan 10-njy iýulda türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýurda goýberilmedi.
Türkmen migrasiýasy onuň pasportynyň galp bolandygyny öňe sürüpdir. Ýöne ol zenana Daşkentde ýerleşýän türkmen konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň wizasy berlipdir. Myhman gözegçilik-geçiriş nokadyndaky MHM işgäri tarapyndan hem soraga çekilipdir, onuň goşlary türkmen gümrükçileri tarapyndan hem berk barlanypdyr. Ýöne, ahyrsoňy, barybir, özbegistanly myhman Türkmenistanda goýberilmändir. Migrasiýa, MHM we gümrük gulluklary bu ýagdaýyň sebäbini aýdyňlaşdyrmaýarlar.
Degişli maglumat Aşgabadyň wiza şertlerindäki 'deňsizligi' türkmen sürüjileriniň ýoluny bagladyIki ýurduň arasynda raýatlaryň özara syýahaty bilen bagly päsgelçilikler ençeme ýyl bäri dowam edýär. Bu ýagdaý bilen bagly media habarlary hem köpelýär.
Biraz öň, maý aýynda türkmen ýük ulag sürüjileri Farap geçelgesinden Özbegistana goýberilmedi. Bu ýagdaýyň hem anyk sebäpleri aýdyňlaşdyrylmady.
Synçylar iki ýurduň arasynda gelim-gidimi ýeňletmegiň duldegşir goňşularyň ikisine-de bähbit getirjekdigini aýdýarlar.
“Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň arasynda söwda we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny mundan-da beýläk ösdürmek üçin, ilkinji nobatda raýatlaryň özara gelim-gidimini ýeňillişdermeli, wiza meselelerini çözmeli” diýip, iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýakyndan yzarlaýan türkmen synçysy aýdýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden bolan bir ýerli telekeçi hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky päsgelçiliksiz gelim-gidimiň ähmiýetini nygtaýar.
“Iki ýurduň arasynda ýeňilleşdirilen wiza düzgüni, ýa-da hiç bolmasa 15-30 günlük wizasyz syýahat düzgüni girizilmese, hiç hili real hyzmatdaşlyk bolmaýar” diýip, türkmenabatly telekeçi aýdýar.
Onuň sözlerine görä, iki duldegşir goňşynyň arasynda wiza almak üçin, adamlar bir aýdan üç aýa çenli garaşmaly bolýarlar, wiza ýüz tutulmagyndan öňürti, birnäçe aýlap çakylyga we beýleki resminamalara garaşmaly bolýarlar.
“Bu [wiza meselesiniň ýeňilleşdirilmegi] bir akla sygmajak zat däl ahyryn, iki owaldan gardaş halklarymyzyň we ýurtlaryň arasynda şeýle berk wiza düzgüni saklanyp galýar” diýip, türkmenabatly telekeçi aýdýar.
Özbegistanyň, hususan-da, Buhara welaýatynyň Alat, Garaköl etraplarynda, hem-de Kaşkaderýa welaýatynyň Mübärek, Nyşan etraplarynda, şeýle-de Horezm welaýatynda etniki türkmenler kowçum bolup ýaşaýar. Türkmenistanda etniki özbekler esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýarlar.
Degişli maglumat Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?“Meniň kärhanamda işleýän dänewli, çärjewli, faraply etniki özbek ildeşlerimiziň ençeme ýakyn garyndaşlary Özbegistanyň Alat, Garaköl, Hazarasp we Garawulbazar ýaly etraplarynda ýaşaýarlar” diýip, türkmenabatly telekeçi aýtdy.
“Hiç bolmasa wizalar ýeňilleşdirilmeli we iki ýurduň arasynda awtobus, otly we uçar gatnawlary dikeldilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Özbegistana gatnaýan türkmenistanly ýük ulag sürüjileri soňky aýlarda Özbegistanyň özlerine garşy berk wiza syýasatyny, wiza bökdençligini saklap galýandygyny aýdýarlar.
“Soňky iki aýyň dowamynda Özbegistan tarapy bize (Türkmenistan tarapyna) dilsiz şekilde ultimatum şertini goýdy: ýa türkmen häkimiýetleri özbek sürüjilerine wiza berilmegini ýeňilleşdirer, ýa-da Özbegistan hem türkmen raýatlary üçin öz wizalaryny bermegi gijikdirer diýen ýaly äheňde şert goýdy diýip, düşünýärin” diýip, 35 ýaşly maryly bir sürüji aýdýar.
Bar bolan maglumatlara görä, Özbegistandan diňe bir ýük ulag sürüjilerine degişli wizalary almakda däl, eýsem, syýahatçylyk, ynsanperwer wizalaryny almakda hem päsgelçilikler we bökdençlikler göze ilýär.
Maryly sürüjileriň ynanjyna görä, özbek tarapynyň wiza päsgelçilikleri türkmen tarapyny hem oýlandyryp başlana çalym edýär.
“Sürüjileriň arasynda Arkadag Mirziýoýew bilen wiza meselesini çözýär, tiz wagtda özbek wizalaryny tizräk alyp bilersiňiz diýen ýaly äheňde myş-myşlar peýda bolýar” diýip, maryly ýük ulag sürüjisi aýdýar.
Bu aralykda, türkmen metbugatyna görä, 24-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen aýry-aýrylykda telefon söhbetdeşligini geçirip, özbek liderini doglan güni bilen gutladylar.
Telefon söhbetdeşliginde türkmen prezidenti “türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, özara ynanyşmak, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny” aýtdy.
Uly Berdimuhamedow hem telefon söhbetdeşliginiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň açyklygyň we özara ynanyşmagyň hem-de düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen-özbek söwdasy ösýär, etniki azlyklara garaýyş gowulaşmaýarÝöne synçylar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda özara ynanyşmagyň hem-de açyklygyň kemter galýandygyna ünsi çekip gelýärler. Beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gelim-gidimiň çäklendirilmegi, duldegşir goňşularyň arasynda öz güýjünde galýan berk wiza düzgüni türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna çyra tutýar.
“Türkmenistanyň hronikasyna” görä, Şabat gözegçilik-geçiriş nokadynda türkmen migrasiýasy tarapyndan saklanyp, MHM işgäri tarapyndan soraga çekilen we gümrük gullugy tarapyndan pugta barlanan özbegistanly zenanyň Daşoguz welaýatynda hakykatdan-da dogan-garyndaşlarynyň ýaşaýandygy anyklanypdyr. Muňa garamazdan, düşündiriş berilmezden Türkmenistana goýberilmändir.
“Türkmen resmileri dilde yzygiderli "hyzmatdaşlyk, ulag ulgamyny ösdürmek, haryt dolanyşygyny kämilleşdirmek" hakynda gürrüň etse-de, iş ýüzünde anyk hiç bir mesele çözülmeýär. Şu jähtden, resmi Daşkent ahyrsoňy resmi Aşgabada wiza ultimatumyny (diňe bir sürüjilere däl, eýsem, syýahatçylyk wizalary hem örän gijikdirilýär) goýana meňzeýär. Bu hem, elbetde, iş ýüzünde türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm öwrülişigiň ähtimallygynyň alamatydyr. Megerem, hut şu ýagdaý sebäpli Gurbanguly Berdimuhamedow soňky hepdelerde her çykyşynda "gümrük, serhet nyrhnamalaryny we resminamalaryny ýeňilleşdirmek, üstaşyr ulag geçelgesine girmäge taýýarlyk" hakynda gürrüň edip başlady. Meniň pikirimçe, resmi Daşkendiň bu hereketi ýerlikli we hiç bir meselede anyklygy we çözgüdi halamaýan türkmen tarapy üçin ýeke-täk düşnükli dil bolup durýar” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.