Türkmen-owgan serhedinde birnäçe infrastruktura taslamasyna badalga berildi

Arhiw suraty. Owganystanyň Ymanazar gümrük nokadynda bir demirýol desgasynyň açylyşy. 28-nji noýabr, 2016 ý.

Türkmen-owgan serhedinde 11-nji sentýabrda birnäçe infrastruktura taslamalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Türkmen metbugatyna görä, Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhet nokadynda geçirilen açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund hem gatnaşdy.

Gurluşygyna badalga berlen desgalaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň owgan bölegi, ýagny Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisi, Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi we başga-da birnäçe desga bar.

Türkmenistan uzynlygy 1800 km çemesi boljak TOPH gaz geçiriji taslamasy bilen Günorta Aziýa ýurtlaryna, Owganystana, Pakistana we Hindistana gaz ibermegi göz öňünde tutýar.