Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli bölümleriniň wekilleriniň Serhetabat şäherinde bolan duşuşygynda wagtlaýyn port gurmagyň maslahaty edildi diýip, “Türkmenportal” Owganystanyň Magdan we Nebit ministrligine salgylanyp habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, türkmen-owgan serhedindäki “Islim-Çeşmede” wagtlaýyn guruljak port TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur enjamlary we turbalary daşamak üçin ulanylar.
Duşuşyga gatnaşanlar wagtlaýyn portuň tehniki taraplaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar, owgan tarapy gurluşyk işlerine başlamaga taýýardygyny tassyklady diýip, habarda bu taslama barada başga, goşmaça maglumat berilmeýär.
Degişli maglumat Türkmen-owgan gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy göz üçin edildi – çeşmeler