Türkmen-owgan gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy göz üçin edildi – çeşmeler

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna mundan ozal, 2018-nji ýylyň fewralynda hem badalga berlipdi.

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde uly dabara bilen düýbi tutulan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna niýetlenip, serhede eltilen gaz turbalary yzyna, Türkmenistanyň gaz gurnama trestlerine alnyp gidildi diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýdýar.

Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, propaganda maksatlaryna eýerilip amala aşyrylan nobatdaky ýasama çäre boldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmen we owgan häkimiýetleri 11-nji sentýabrda serhet ýaka sebitde ýedi sany möhüm infrastruktura taslamasynyň, şol sanda dokuz ýyl çemesi mundan ozal Mary welaýatynda düýbi tutulan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilýändigini yglan etdiler.

Ýöne dabaranyň tamamlanmagyndan sanlyja gün soňra, bu gurluşyga niýetlenen turbalar yzyna, gaz gurluşykçylary bolsa, öýlerine ugradyldy.

“Türkmenistanyň gaz gurnama edaralarynyň işçileriniň we hünärmenleriniň ençemesi, tas müňlerçe adam, şeýle-de bir topar tehnika gaz taslamasynyň owgan bölegine başlamak üçin, türkmen-owgan serhedine eltildi. Bu turbalar-da, tehnikalar-da, işçiler-de yzyna ugradyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

“Olara bu taslamanyň gurluşygynyň heniz başlanmajakdygy aýdylypdyr” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirýär.

Degişli maglumat Maryly ýaşaýjylar owgan halkyna iberilen haýyr-sahawat ýardamlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu taslamanyň töweregindäki howpsuzlyk meseleleriniň, hususan-da türkmen tarapy üçin heniz hem uly alada bolmagynda galýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, türkmen hökümeti bu taslamanyň Türkmenistanyň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýändigini aýdýar.

Bu maglumatyň jemgyýetçiligiň öňünde yglan edilmeginden soňra, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly gaz hünärmenleri türkmen tarapynyň bu wadalaryna şübheli çemeleşýärler.

“Türkmenistanyň gaz gurnama edaralarynda awtoulaglaryň tekerlerini çalyşmaga serişde tapyp bolmaýar; ekskawatorlar, ýa-da uly uly awtoulaglar döwülse, olary bejermek üçin işçilerden pul toplanýar; ýurduň öz içinde gaz geçirjileri gurmak üçin kebşir, elektrod tapdyrmaýar” diýip, bir gaz hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde aýtdy.

Mary welaýatynda geçirilen dabaralara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu dabaralara wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Bir wagtda gurluşygyna badalga berlen ýedi infrastruktura taslamasynyň her biriniň ýerleşýän ýerinde geçirilen dabaralaryň esasy böleginde, Islim-Çeşme serhet nokadynyň golaýynda geçirilip, türkmen we owgan resmileriniň gatnaşan dabarasynda diňe erkek adamlary görmek bolýardy. “Talyban” häkimiýetleri we türkmen resmileri, görnüşinden, dabara zalyna aýal-gyzlary kabul etmedi.

Şeýle-de, bu dabara Türkmenistanyň müftüsiniň Gurhan kitabyndan okan aýatlary bilen başlandy.

Türkmen we owgan media serişdeleri 11-nji sentýabrda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini habar berdi.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda badalga berilýän iri taslamalaryň “uzaga çeken kynçylyklardan ejir çeken owgan halkynyň” ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabarada eden çykyşynda bu iri gaz geçiriji taslamasynyň 12 müň owgan raýatyny iş bilen üpjün etjekdigini, şeýle-de goňşy ýurduň döwlet gaznasyna her ýylda bir milliard dollar möçberinde girdeji getirjekdigini aýtdy, ýöne Türkmenistana degişli sanlary agzamady.

Türkmenistan uzynlygy takmynan 1800 kilometr çemesi boljak Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen Günorta Aziýa ýurtlaryna ýylda 30 milliard kub metr çemesi türkmen gazyny ibermegi göz öňünde tutýar.

2015-njy ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda düýbi tutulan bu iri transmilli taslama Owganystanda onlarça ýyl bäri dowam edýän durnuksyzlygyň arasynda, hem-de Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda yza tesdirilip gelindi.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurt kompaniýalaryny bu taslamanyň gurluşygyna maýa goýmaga çagyryp geldi.

Onuň owgan böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewralynda hem badalga berilpdi, ýöne şondan soňra gurluşyk dowam etdirilmedi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri 2021-nji ýylda Owganystandan çekilenden soňra, “Talyban” topary gaýtadan Kabulda häkimiýeti ele geçirdi.

Türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaralardan bir aýdan gowrak wagt ozal, Türkmenistan “Talyban” dolandyryjylarynyň Türkmenistandaky Işleri waglaýyn ynanylan wekilini tassyklady.

Degişli maglumat Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli

Şu ýylyň mart aýynda türkmen gaz gurluşykçylarynyň TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlanjakdyklary barada maglumatlar peýda bolupdy.

Gaz geçirijiniň owgan bölegini Owganystanyň Hyrat, Farah, Nimroz, Helmand we Kandahar welaýatlarynyň üstünden geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaralaryň arasynda, Türkmenistan 11-nji sentýabrda Owganystanyň halkyna ynsanperwer ýardam ibermek kararyny hem yglan etdi.

Bu karar ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän türkmen halkynyň arasynda garyşyk reaksiýalary döretdi.

“Kyýamat güni goňşudan diýipdirler, biz goňşy ýurtlara kömek edilmesin diýemizok, emma [biz hem ýardama mätäç]” diýip, şonda üpjünçiligi pes birnäçe maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy türkmen-owgan serhedinde iri taslamalara badalga berlip, munuň yz ýany gurluşyklaryň derhal goýbolsun edilmegi barasynda türkmen häkimiýetlerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.