Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň ene-atalarynyň iň aladaly döwri – baha düzediş möwsümi başlandy. Çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmek isleýän, ýöne wagtynda olaryň öý işlerini barlamaga wagt tapmadyk adamlar para, pul berip, gowy bahaly gutardyş şahadatnamasyny almaga çalyşýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Lebapdaky habarçymyz sebit paýtagty Türkmenabat şäherinde, Dänew, Saýat, Halaç, Hojambaz etraplarynda gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň ene-atalarynyň ‘baha düzediş’ işleriniň başlanandygyny, şol bir wagtda bu ýagdaý barada tasdan açyk gürrüň edilýändigini, ýönekeý adamlaryň-da, resmileriň-de muňa bolmaly, kanuny zat ýaly garaýandygyny aýdýar.
“Öňki ýyllarda bolşy ýaly, mekdep administrasiýasy bu ýylam mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň umumy orta bilimi hakyndaky şahadatnamasyna goýulýan bahalaryny para esasynda düzetmek işine başlady. Bu düzediş esasan mekdep müdiriniň, onuň kätibiniň we müdiriň orunbasarlarynyň gözegçiligi astynda mümkin. Alynýan paranyň möçberi 4000 manat (dollaryň gara bazar nyrhy boýunça 200 dollar)” diýip, Türkmenabat şäheriniň 41-nji mekdebindäki çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen adamlaryň tassyklamagyna görä, Dänew we Saýat etraplarynda ‘baha düzediş parasynyň’ möçberi 3000-4000 manat aralygynda. Ýöne habarçy Halaç we Hojambaz etraplarynda baha düzetmek üçin soralýan paranyň anyk möçberini kesgitläp bilmedi.
Degişli maglumat Aşgabat: Talyplar artýan talaplaryň özleriniň bilim almagyny barha agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlarYnamdar çeşmäniň gürrüň bermegine görä, bahalaryň düzediş işleri okuwçylaryň ene-atalarynyň müdiriň ýa-da kätibiň öýüne barmagy hem-de berilmeli paranyň möçberini ylalaşmagy bilen başlanýar. Şondan soň, baha düzetjek ene-ata gürleşilen parany bellenen güne çenli manatda ýa-da dollarda müdiriň kätibine elin gowşurýar we mugallymlara görkezme berilýär.
Bu görkezmäniň berilýän gününe “sähetli gün” diýilýär, şondan soň bu hyzmatdan peýdalanmaga mümkinçilik bolmaýar. Sebäbi mekdep žurnallaryny we arhiw maglumatlaryny her bir okuwçy üçin aýratynlykda täzelemek mümkin däl. Bu ýerde esasy agyr we gara iş ýönekeý mugallymlaryň gerdenine düşýär. Olar täze žurnallara galplaşdyrylan bahalary goýup çykmaga mejbur edilýär diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, baha düzediş parasyny esasan müdir we onuň orunbasarlary alýar, emma baha düzedip, galplyga, jenaýatçylyga baş goşýan mugallymlara tasdan hiç zat berilmeýär.
“Bahalary düzedýän mugallymlar işlerini ýitirmekden ýa-da goh-galmagaldan gorkup, mekdep ýolbaşçylarynyň diýen zadyny gep-gürrüňsiz ýerine ýetirmäge razy bolýarlar. Olar gije-gündiz oturyp, täze žurnaly özlerine ýazylyp berlen bahalar bilen doldurýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu işiň ‘gowy ýola goýlan biznese öwrülendigini, hiç kimiň artykmaç sorag bermeýändigini’ hem sözüne goşdy.
Mekdeplerde ‘gülleýän baha düzediş biznesi’ Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryndaky baha şertleri bilen baglanyşykly. Aýdylmagyna görä, ÝOJ-lara girýän okuwçylaryň şahadatnamasynda üçlük baha düýpden bolmaly däl.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalar bilimdäki parahorlugyň hiç kim üçin syr däldigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Bilimdäki para okajak çagalaryň egninden basyp, 'täze belentliklere' göterilýär“Kanun goraýjy edaralar bu ýagdaýdan habarly. Emma şikaýat edýän bolmansoň, olar hem sesini çykarmaýar. Hatda kanun goraýjylaryň arasynda, öz bähbidi üçin, bu ýagdaýdan peýdalanýanlar hem bar” diýip, Saýat etrabynda bir ene Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Ozal Aşgabadyň iki mekdebinde işlän bir mugallymyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, okuwçylara bilimi esasynda baha goýup, sapagyna ýetişmeýän okuwça mekdep ýolbaşçylarynyň talap eden bahasyny goýmaýan pedagoglar soňy bilen kyn ýagdaýa düşýär.
“Wagtynda hiç bir sapakdan gowy baha almadyk, okuwa zordan gatnan okuwçylaryň soň ýokary okuw jaýyna girmegi, uly wezipelerde işlemegi hem adaty zat, muny Nyýazow döwründe hem geň görýän ýokdy, soň mekdeplerdäki galplyk has çuňlaşdy” diýip, öňki mugallym aýtdy.
Onuň pikiriçe, “käbir ene-atalaryň bilimdäki parahorluga berýän uly goldawy, döwlet ýolbaşçylarynyň bu meselä doly diýen ýaly göz ýummagy, baha meselesinde berk bolan mugallymlaryň işden çykmaga mejbur edilmegi Türkmenistanyň sebitde iň yzagalak ýurtlaryň birine öwrülmegine alyp gelýär”.
Türkmen resmileri bilimdäki para barada çykýan habarlara hiç bir düşündiriş bermeýärler. Şonuň bilen bir wagtda, bu mesele wagtal-wagtal resmi taýdan boýun alynýar we para alan magaryf işgärleriniň käbiriniň azatlykdan mahrum edilendigi habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.