Propaganda adalgasynyň kök sözi latynçadaky “propagare”, ýagny “ýaýratmak, ýaýmak, wagyz etmek” sözünden gelip çykýar.
Sadalaşdyrylyp aýdylanda, adamlaryň pikir-garaýyşlaryna täsir etmek maksady bilen, islendik argumentiň diňe bir tarapyny öňe sürüp çap edilýän ýa-da ýaýlyma berilýän maglumatlaryň, pikir-garaýyşlaryň, tekstleriň we audio-wizual materiallaryň toplumyna propaganda diýilýär.
Propaganda köplenç bir pikir, syýasy ugur, hereket ýa-da haryt babatda adamlary çeýelik bilen yrmaga we ynandyrmaga gönükdirilýär. Manipulýatiw häsiýetli propaganda eserleri galp ýa-da ýoýulan maglumatlardan peýdalanýar.
Dünýä Türkmenleriniň şu sany Türkmenistanyň media serişdelerinde özüni görkezýän propaganda tärlerine gönükdirilýär.
Bu gepleşigi taýýarlamakda Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerinden peýdalanyldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Giriş
Propaganda sözi Katolik kilisesiniň wagyz işlerinde XVII asyryň birinji çärýeginde ulanylyp başlanan hem bolsa, döwrebap manysyndaky “propaganda” guraly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, gazet-žurnallaryň we radionyň adam durmuşyna ymykly ornaşmagy bilen, XX asyryň başlarynda ýaýbaňlanyp başlady.
Awtoritar režimler köpçülige täsir etmek üçin, propaganda guralyndan giňden peýdalanýarlar. Häzirki döwürde käbir media serişdeleri, hususan-da, awtoritar režimlere gulluk edýän maglumat we aragatnaşyk gurallary söz we metbugat azatlygynyň ýok ýerinde “arassa” propaganda bilen meşgullanmakdan çetde durmaýarlar.
Propaganda häsiýetli maglumatlar esasan duýgulary nyşana alýar, şonuň üçin propaganda mazmunly çykyşlarda duýgy, emosiýa aňlatmalary köp gaýtalanýar.
Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligi astynda galýan media serişdeleri köplenç garaşsyz synçylar tarapyndan propaganda hyzmat etmekde tankyt edilýär.
Geçen gepleşigimizde hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanda hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telewideniýe, radio, gazet-žurnallar gije-gündiz ýurduň dolandyryjylaryny magtamak we mahabatlandyrmak bilen meşgullanýar.
Propagandanyň ýaýbaňlanmagy
Taryhyň irki döwürlerinden miras galan käbir ýazuwly ýadygärliklerden çen tutulsa, adamzat taryhynda propaganda häsiýetli eserler elmydama-da bolupdyr. Ýöne döwrebap dünýäde hökümet propagandasynyň giň gerimli we guramaçylykly häsiýetde wagyz edilmegi XX asyryň başlarynda, I Jahan urşunyň fonunda ýüze çykýar. Döwrüň hökmürowanlary urşa iberilýän esgerleri, harby gullukçylary we tylda galan adamlary watançylyk propagandasy bilen iýmitlendirip, ruhlary belentde saklamaga çalyşýar.
“Britanika” ensiklopediýasynyň kesgitlemesinde propaganda “jemgyýetçilik pikirine täsir etmek üçin maglumatyň (faktlaryň, argumentleriň, myş-myşlaryň, çala dogrularyň ýa-da ýalan maglumatlaryň) ýaýradylmagy hökmünde düşündirilýär.
Propaganda nyşanlar, sözler, hereketler, şygarlar, plakatlar, ýadygärlikler, aýdym-saz, egin-eşik dessury we şular ýaly beýleki serişdeler arkaly adamlaryň ynançlaryna, özlerini alyp baryşlaryna täsir etmek ugrundaky sistematik tagalla hökmünde kabul edilýär.
Propagandaçylar belli bir maksada gulluk edýärler. Olar haýsydyr bir mesele, ugur ýa-da tema babatda öz bähbitlerine hyzmat edýän jemgyýetçilik pikirini emele getirmäge çalyşýarlar. Munuň üçin, iň täsirli gurallardan peýdalanylýar.
Meselem, dünýäniň ýakyn taryhynda, Nazi Germaniýasynda II Jahan urşy ýyllarynyň öň ýany döredilen Propaganda ministrligi hakyky urşa aýakdaş alnyp barlan maglumat urşunda uly yz galdyrdy. Elbetde, Nazi Germaniýasynyň ýeňlişi bilen tamamlanan pajygaly uruşdan soň, Germaniýada Propaganda ministrligi ýatyryldy, ýöne ministrlige ýolbaşçylyk eden Iosif Gebbels täsin propaganda usullary bilen ýatda galdy. Propaganda barada gürrüň gozgalanda köplenç Gebbelsiň bu barada aýdan sözleri ýatlanýar.
Propaganda we garşylyk propaganda
Döwrebap dünýäniň mahabat pudagynda propaganda tärleri giňden ulanylýar. Mahabatçylar haýsydyr bir harydy geçirmek, müşderileriň mahabatlanýan haryt babatda şahsy pikirlerine täsir etmek maksady bilen dürli görnüşli wagyz tilsimlerinden peýdalanýarlar.
Syýasatçylar özleriniň alyp barýan syýasy kampaniýalarynda hem propaganda tärlerine ýüz urýarlar. Sebäbi, bu ýerde hem maksat – jemgyýetçilik pikirine has içgin täsir edip, ilatdan has köp goldaw tapmak bolup durýar.
Ideal demokratiýada hemmeler propaganda işini alyp barmaga hukukly, ýöne şol bir wagtda, ideal demokratiýada propagandanyň garşysyna garşylyk propagandanyň alnyp barylmagyna-da mümkinçilik döredilýär, ýol açylýar. Goý, islän adam maglumatlary öz akyl-üşügi bilen elekden geçirip, propagandanyň öňe sürýän pikirlerine eýermek, ýa-da eýermezlik hukugyny amal edip bilsin! Ýöne awtoritar jemgyýetlerde ýoň bolan esasy propaganda akymynyň garşysynda garşylyk pikirleriň örňemegine, wagyz edilmegine, garşylyk propagandanyň alnyp barylmagyna ýol berilmeýär.
Demokratik jemgyýetlerde, eger-de bir topar propagandaçylar dowamly birek-birek bilen bäsleşmekde erkin bolsalar, uzak möhletde, barybir, diňe il bähbitli pikirler ýeňiş gazanar diýen pikir goldaw tapýar.
Ýöne awtoritar jemgyýetde köplenç “diňe meniňki dogry” diýlen pikirler hökümdarlar tarapyndan öňe sürülýär we özge pikirleriň basylyp ýatyrylýan ýerinde özge pikirleri wagyz etmek hem kynlaşýar.
Tärler we tilsimler
Negatiw äheňli propaganda birnäçe usuldan peýdalanýar. Meselem, “at dakmak”: haýsydyr bir pikiri ýa-da hereketi öňe sürýän propagandaçy garşydaşyna at dakyp, onuň garşysyna göreşýär. Meselem, ýadyňyza düşýän bolsa, 2011-nji ýylda Liwiýanyň rewolýusiýa bilen tagtdan agdarylan lideri Gaddafi öz garşydaşlaryny “syçanlar, alakalar” atlandyrypdy. Şeýle görnüşli “at dakmalara” köplenç syýasy propagandalarda duş gelmek bolýar. Propaganda alyp barýan dolandyryjylaryň öz garşydaşyny “faşist, nazist” atlandyrýan halatlary bolýar. Ýa-da bolmasa, 2013-nji ýylda Türkiýede şol wagtky premýer-ministr, häzirki prezident Rejep Taýýip Erdoganyň häkimiýetine garşy, ilkibaşda daşky gurşawçylaryň Stambulda bir parkda agaçlaryň çapylmagyna garşy girişen, ýöne soňy bilen giň gerimli demonstrasiýalara öwrülen “Gezi parky” protestleri tutaşanda, Erdogan propagandanyň “at dakma” tilsimine ýapyşyp, dessine protestçileri “çapulju”, ýagny, türkmen diline terjime edilende “garakçy, ýa-da talaňçy” atlandyrypdy. Erdogan öz alyp barýan kampaniýalarynda propagandanyň tas ähli tärlerinden peýdalanmakda tanalýar, ýöne hususan-da propagandanyň “at dakma” tärini köp ulanýar. Ol öz garşydaşlaryny aňsatlyk bilen “terrorçy” yglan edip bilýär. Onuň garşydaşlaryna dakýan atlary kämahal tas paýyş sözlere çenli peselip bilýär. Siz propagandanyň at dakma tärlerinden giňden peýdalanýan başga haýsy syýasatçylary bilýärsiňiz, teswirlerde ýazyň!
Propagandanyň “at dakma” täriniň tersi iňlisi dilinde “glittering generalities” atlandyrylýar, ýagny türkmen diline sözme-söz alnanda “ýalpyldaýan umumylyk” hökmünde terjime etmek mümkin, ýok eger gelşikliräk terjime etjek bolsak, “taryplama, ýa-da tarypçylyk” diýip kabul etmek mümkin.
Türkmenistanyň resmi media giňişliginde alnyp barylýan syýasy wagyzlarda tas asla diýen ýaly propagandanyň “at dakma” tärleri ulanylmaýar. Sebäbi Türkmenistanyň syýasatynda hiç hili duşman ýa-da duşmançylyk wagzy ýok. Hemme zat gowy, hemme zat gülala-güllük, hemmeler dost, dünýe ajaýyp...
Ýöne Türkmenistanyň resmi mediasy tas tutuşlygyna diýen ýaly propagandanyň “tarypçylyk” tärini ulanýar. Ýurduň media serişdelerinde döwlet baştutanlarynyň, Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty dabaralandyrylýar. Nyýazow döwründe Nyýazowyň şahsyýet kulty dabaralandyrylýardy.
Propagandanyň “at dakma’ tärinde garşydaşa negatiw at dakylýan bolsa, “tarypçylyk” tärinde dabarasy ýetirilýän, wasp edilýän, wagyz edilýän şahsyýet, topar, ýa-da zatlar barada süýji we beýgeldiji sözler aýdylýar. Meselem, Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet mediasynda Arkadag atlandyrylýar. Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultynyň waspy şeýle bir giň gerime eýe bolýar welin, häzirki wagtda Türkmenistanda Arkadag syýasatçy, Arkadag köçesi, Arkadag şäheri, Arkadag telekanaly, Arkadag gazeti, Arkadag futbol topary bar. Şeýle-de, propagandanyň “tarypçylyk” tärine laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet mediasynda Berdimuhamedowlar diňe pozitiw, oňyn sözler, sypatlar we işlikler bilen wasp edilýär. Meselem, makalanyň awtory türkmen metbugatyndan çem gelen sahypany açyp, onda ulanylan oňyn sypatlary saýhallaýar: “berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy”, “prezidentiň parasatly baştutanlygy”, “bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan”, “milli lideriň jöwher paýhasy”, “ajaýyp eserleri”, “aýdyň geljegimiz”, “oýlanyşykly syýasat”... Metbugat sahypalarynda şular ýaly başga-da bir topar “tarypçylyk” äheňli sypatlar yzly-yzyna gaýtalanýar.
Berdimuhamedowlar barada ýazylýan habarlaryň we makalalaryň ählisinde hökmany suratda adamlaryň duýgularyny nyşana alýan güýçli sypatlar ulanylýar. Bu ýagdaý propagandanyň “loaded language”, ýagny “ýüki ýetirilen dil” tärine-de gabat gelýär.
Türkmen mediasynda Berdimuhamedowlar wagyz edilende pozitiwligi öňe sürýän propaganda tärleriniň tas ählisinden diýen ýaly peýdalanylýar. Meselem, Berdimuhamedowlar sebitlere sapar edip, daýhanlar bilen duşuşýar. Döwlet mediasy, meselem, Gurbanguly Berdimuhamedowy çopan goşunda, çölüň içinde bir gara öýde çopanlar bilen duşuşyp, mesawy gürrüň edýän görnüşde, olar bilen çaý içýän görnüşde görkezýär. Bu bolsa propagandanyň iňlis dilindäki “plain folk” ýagny “ýönekeý halk”, ýa-da başga söz bilen aýdylanda “pespäl adam” tärine-de gabat gelýär. Döwlet baştutanynyň ýönekeý halk bilen, ýönekeý adamlar bilen görüşýän pursatlary media serişdelerinde wagyz edilýär.
Geçen gepleşigimizde hem “Serhetsiz reportýorlar” guramasyna salgylanyp, belläp geçişimiz ýaly. Türkmenistanda media serişdeleri diňe režimi taryplamak bilen meşgul bolýar. Döwlet telewideniýesinde efire berilýän habarlar, gepleşikler, söhbetdeşlikler, aýdym-sazlar, ýerli kinofilmler, umuman ähli maglumatlar diňe döwlet baştutanlaryny taryplamaga gönükdirilýär. Megerem, hut şonuň üçin, geçen gepleşigimizde, türkmen mediasyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçylaryň biri “Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi her gün ir säher bilen Berdimuhamedowlaryň şanyna öwgüli sözleri aýdyp, öz işine başlaýar, Berdimuhamedowlara jan-saglygyny diläp, iş gününi tamamlaýar” diýdi.
Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultyny wagyz etmek tagallalarynyň çäklerinde, meselem, türkmen propagandaçylary wagzyň “transfer” tärinden hem peýdalanýarlar.
Bu usulda propagandaçy wagyz edilýän şahsyýeti il arasynda uly hormata eýe bolan, keramat hasaplanýan gymmatlyklar bilen ilteşdirýär. Türkmen mediasynda Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, soňky ençeme ýyl bäri dini gymmatklyklar, haýyr-sahawat bilen ilteşdirilýär. Ol, döwlet metbugatyna görä, haj parzyny berjaý etmek üçin türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Saud Arabystany patyşalygyna sapar edýär, ýurduň metjitlerinde sadaka berýär, haýyr işleri bilen meşgullanýar, haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyrýar we başga-da şulara meňzeş, ilat arasynda mukaddes hasaplanýan başga-da birnäçe işler bilen meşgullanýan görnüşde görkezilýär.
Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultyny dabaralandyrmak üçin propagandanyň “testimonial”, ýagny “şaýatlyk” tärinden hem köp peýdalanylýar. Bu usulda propagandaçylar wagyz edilýän adam ýa-da zat bilen bagly beýleki adamlaryň şaýatlygyny, onuň pikir-garaýyşlaryny üns merkezine çekýärler we, şeýlelikde, wagyz edilýän adamyň kulty dabaralandyrylýar.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde tas elmydama diýen ýaly ýurt raýatlary, şol sanda mugallymlar, lukmanlar, daýhanlar, medeniýet işgärleri we beýlekiler döwlet baştutanlarynyň alyp barýan syýasatyny öwüp çykyş edýärler, we alnyp barylýan syýasatyň dogry syýasatdygyna, hamala, şaýatlyk edýärler.
Şeýle-de, Türkmenistanda döwlet syýasatynyň wagzynda propagandanyň iňlis dilinde “bandwagon” atlandyrylýan, ýagny “illere meňzemek”, “hemmelerden galyşmazlyk” tärinden hem peýdalanylýar. Meselem, döwlet telewideniýesine interwýu berýän bir ýaş ýigit ýa-da gyz öz çykyşyna başlanda Berdimuhamedowlara alkyş aýdyp söze başlaýar, sözüniň ortasynda olary öwýär we sözüniň ahyrynda hem döwlet ýolbaşçylaryna jan saglygyny arzuw edýär. Bir adam, iki adam, on adam, ýüz adam, hemmeler şeýle edýär welin, iň soňunda şeýle ýagdaý kada öwrülýär we şondan soň interýwu berýän adamlaryň ählisi, özlerinden şeýle talap edilmedik halatynda hem, hemmeler ýaly döwlet baştutanlaryny magtamagy we mahabatlandyrmagy saýlap alýar.
Şeýle-de, döwlet mediasynda propagandanyň “gaýtalama” tärine laýyk gelýän meýillere has köp duş gelmek mümkin. Meselem, bir gün habarlar gepleşiginde ýerli önüm öndüriji bir kärhanada düşürilen wideo reportaž görkezilýär we kärhananyň öndüren önümleri uly buýsanç bilen habar berilýär. Ertesi güni ýene bir önüm öndüriji hususy kärhana görkezilýär we önümçilik işleri ýurtda raýatlar üçin döredilýän mümkinçiliklere delil hökmünde görkezilýär. Şeýle habarlar her gün gaýtalanýar. Her gün gaýtalanýan habarlar ýurtda döwlet baştutanlarynyň “taýsyz tagallalary” netijesinde gazanylýan üstünlikler hökmünde wagyz edilýär. Bu hem propagandanyň “gaýtalama” tärine gabat gelýär.
Dünýäde metbugat azatlygyna esewan edýän adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistanyň döwlet media serişdeleriniň alyp barýan işlerini “propaganda” atlandyrýarlar. “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistanyň habar giňişligini “dyngysyz giňeýän gara girdap” atlandyrýar. Döwlet metbugatynyň habarlary abraýly daşary ýurt media guramalary tarapyndan “resmi propaganda” atlandyrylýar.
Şol bir wagtda, Gurbanguly Berdimuhamedow wagtal-wagtal “propaganda ussady” yglan edilýär. Meselem, meşhur amerikaly şahandaz Trewor Noah 2019-njy ýylyň tomsunda Berdimuhamedowyň öz ölümi barada peýda bolan habarlary ýalana çykarmak üçin eden synanyşygy barada taýýarlan gepleşiginiň başsözüni “Gurbanguly Berdimuhamedow: Propaganda ussady” atlandyrdy.
Berdimuhamedow özüniň prezidentlik döwründe döwlet mediasynda aýdym aýtdy, saz çaldy, dijeýlik etdi, nyşana ok atdy, tigriň üstünde basketbol topuny oýnady, ştanga göterdi garaz media diňe syýasatçynyň şahsyýet kultyny ösdürmek bilen meşgullandy.
Türkmenistanda şäherleriň köçelerinde, bilbordlarda Berdimuhamedowlaryň aýdan sözleri şygar hökmünde asylýar. Ýogsa-da, propagandanyň möhüm tärleriniň biri hem “şygarlar” bolup durýar. Şygarlar gysga, düşnükli we labyzly bolmaly.
Meselem, Türkmenistanda Nyýazow döwründe “Halk! Watan! Türkmenbaşy!” şygary, uly Berdimuhamedow döwründe “Döwlet adam üçindir!” şygary, kiçi Berdimuhamedow döwründe “Watan diňe halky bilen watandyr!” şygary rowaçlandy.
Iňlis ýazyjysy Jorj Orweliň "1984" romany ýa-da "Haýwan fermasy" kitaby awtoritar režimlerdäki propaganda tärlerini has aýdyň mysallar bilen düşündirýär.
Netije
Propaganda we propagandaçylar belli bir maksada gulluk edýär. Türkmenistanda döwlet mediasy esasan Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultyny ösdürmek, olary wagyz etmek, propaganda etmek bilen meşgullanýar. Şeýle wagyz işleriniň halkyň döwlet baştutanlary baradaky şahsy pikir-garaýyşlaryna nä derejede täsir edýändigi belli däl. Sebäbi türkmen propagandasynyň öz maksadyna ýetip-ýetmeýändigini ölçemek üçin hiç hili gural ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.