Türkmen lideri Türkiýäniň energiýa ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygy bellenildi diýip, habarda aýdylýar.

Soňky wagtlarda türkmen gazynyň Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi barada alada edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Jarnama, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygynyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.