Türkmen intelligensiýa wekilleri, şol sanda ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplar ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň prezident saýlawlarynda bäsleşikden çekilip, öz ornuna wise-prezident Kamala Harrisiň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenilmegini goldamagyna ýakyndan syn etdiler we bu täzelikden sapak çykardylar.
“Prezident wezipesini eýeleýän adam näçe professional, kämil syýasatçy bolsa-da, wagty gelende, öz wezipesini ýaş hem zehinli adamlara berip bilmegi örän möhüm. Baýden öz Watanynyň geljegini öz wezipesinden belent tutdy, hut şonuň üçin-de, Watanyň geljegi üçin hanym Kamala Harrisi goldady” diýip, Aşgabatdaky Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň birnäçe studentleri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen ikiçäk gürrüňdeşlikde aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Ştatlaryň prezidenti 81 ýaşly Jo Baýden 21-nji iýulda prezident wezipesine dalaş etmekden çekilýändigini yglan edip, bu wezipä Demokrat partiýadan öz wise-prezidenti 59 ýaşly garaýagyz zenan Kamala Harrisiň dalaşgärligini goldaýandygyny mälim etdi.
Degişli maglumat Baýden ABŞ-nyň prezident saýlawynda bäsleşmekden çekilip, Harrise dalaşgärlik goldawyny berdiTürkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň birnäçe mugallymlary we talyplary ABŞ prezidentiniň hereketini türkmen prezidentleri bilen deňeşdirýärler.
“Gynansak-da, Amerikanyň Prezidentiniň ýaşlara ýol berişi bilen biziň awtoritar häkimiýetlerimiziň “ýaşlara ýol açyşynyň” arasynda uly bir tapawut bar. ABŞ-da prezidentler ýurduň, Watanyň, demokratiýanyň bitewiligi we mizemezligi üçin saýlawlary geçirse, dalaşgärleri goldasa, biziň Berdimuhamedowlar diňe öz nesilşalygyny, berk awtoritar režimi goldaýarlar” diýip, mugallymlar we talyplar aýdýar.
Ýatlasak, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň fewralynda, 65 ýaşda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýdyp, wezipeden çekilmek niýetini mälim etdi. Munuň yz ýany, ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlary yglan edilip, ýokary döwlet wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol wagt 40 ýaşyny arka atan ogly Serdar Berdimuhamedow getirildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan beýleki bir ýerli synçy türkmenleriň amerikan syýasaty bilen bagly habarlary, şol sanda ABŞ-daky prezident saýlawlary bilen bagly täzelikleri Türkmenistanda elýeterli bolan rus telekanallary arkaly yzarlaýandyklaryny aýdyp, Baýdeniň rus media giňişliginde döredilen negatiw keşbiniň soňky habarlar bilen, ýer bilen ýegsan bolandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Tramp uruşlary togtatmak, “zamun alnanlary” boşatmak wadasyny berdi“Türkmenleriň arasynda meşhurlygy saklaýan rus telekanallary Baýdeni öz kürsüsine ýapyşyp ýatan ‘diktator’ hökmünde görkezýärdi. Bu hyýaly şablonlaryň ählisi çym-pytrak boldy” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
2020-nji ýylda ABŞ-da wise-prezident wezipesine saýlanan Kamala Harris ýurduň 248 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda bu wezipä saýlanan ilkinji zenan maşgala boldy. Harrisiň dalaşgärligi tassyklanyp, saýlawlarda ýeňiş gazansa, ol ýurduň taryhynda prezident wezipesine saýlanan ilkinji aýal maşgala bolar. Türkmen intelligensiýa wekilleri bu göreldäni syýasatda gender deňligi babatynda öňegidişlige mysal görkezýärler.
Demokratlaryň 19-21-nji awgust aralygynda Çikagoda geçirjek Milli konwensiýasynda Kamala Harrisiň dalaşgärligi tassyklansa, ol öňki prezident, ýaňy-ýakynda jana kast edişlik synanyşygyndan aman galan Donald Tramp bilen ýokary döwlet wezipesi ugrunda bäsleşer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.