Türkmen häkimiýetleri ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Malta sapar etmegine rugsat bermedi

"Arkadag" futbol toparynyň futbolçylary. Arhiw suraty. Illýustrasiýa

Türkmen hökümeti öz ýurdunyň milli futbolçylarynyň Malta Respublikasyna syýahat etmegine rugsat bermänsoň, iki ýurduň futbol boýunça milli ýygyndylarynyň arasynda 10-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen dostlukly futbol ýaryşy ýatyryldy. Bu barada Maltanyň Futbol Federasiýasy beýanat çap etdi.

Bu ýaryş FIFA, UEFA we Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan tassyklanypdyr, ýöne “Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Malta sapar etmek üçin zerur bolan rugsatnamalary öz ýurdunyň häkimiýetlerinden almakda ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary sebäpli, Maltanyň Futbol Federasiýasy 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabr, penşenbe gününe meýilleşdirilen dostlukly halkara ýaryşyny ýatyrmaga mejbur boldy” diýip, malta tarapy aýtdy.

Ortaýer deňzinde ýerleşýän günorta ýewropa ýurdunda geçirilmegi göz öňünde tutulan futbol ýaryşy UEFA milli ligasynyň çäklerinde Malta bilen Moldowanyň arasynda 13-nji oktýabrda geçiriljek resmi futbol ýaryşyndan öň, dostlukly oýun hökmünde meýilleşdirilipdir.

Degişli maglumat Türkmenistanyň "Arkadagy" we Merkezi Aziýanyň beýleki "resmi toparlary"

Maltanyň Futbol Federasiýasy Türkmenistan bilen arada oýnaljak ýaryşa satylan biletleriň pullarynyň yzyna tölenilip bilinýändigini, ýa-da Malta – Moldowa futbol ýaryşynda bu biletlerden peýdalanyp bolýandygyny aýtdy.

Arhipelag ýurduň sport resmileri türkmen tarapy bilen bagly ýüze çykan mesele boýunça özlerine Maltanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan diplomatik kanallar arkaly berlen ýardamlara minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy UEFA çempionatyna gatnaşmaýar. Bu ýaryş diňe Maltanyň Moldowa bilen arada geçirjek futbol ýaryşyndan öň, dostlukly halkara oýun hökmünde meýilleşdirilipdir.

Fransiýada ýaşaýan asly türkmenistanly sport hünärmeni Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde milli futbolçylaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmezligini Türkmenistandaky syýasy şertler bilen düşündirdi.

“Meniň pikirimçe, bu ýerde syýasy çözgüt bar, syýasy netije bar. Gynansak-da, Türkmenistanda köp sanly meselelere, şol sanda sport meselelerine syýasy tarapdan seredilýär. Türkmenistanda, umuman, hemme zada, birinjilik bilen, syýasy tarapdan seredilýär, onuň sosial ähmiýetine, ýa-da sport ähmiýetine kän üns berilenok. Ýöne eger-de, [haýsydyr bir iş] ýurtdaky syýasy režime, awtoritar syýasy režime peýdaly bolsa, ol amal edilýär, bolmasa edilenok” diýip, Gurbanow aýtdy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygndysy esasan “Arkadag” futbol toparynyň oýunçylaryndan ybarat bolup, ýurduň Ýokary ligasynda çykyş edýän bu topar 2023-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy. Ýurduň öz içindäki saýlama oýunçylardan düzülen topar eýýäm ýurtda birnäçe gezek ýaryşlaryň ýeňijisi, çempion yglan edildi. Ýöne häkimiýetler tarapyndan aýratyn üns berlip, arka çykylmakda we artykmaçlyklardan peýdalanmakda tankyt edilýän bu topar heniz daşary ýurtlarda möhüm üstünlik gazanmady.

Türkmenistanyň futbol federasiýasy 1992-nji ýylda esaslandyryldy. Ýuduň milli ýygyndysy 32 ýyllyk ömründe halkara ýaryşlarda heniz möhüm üstünlik gazanyp bilmedi.

Federasiýa 1994-nji ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasyna agza boldy we şondan bäri bu ýaryşlarda çykyş edip gelýär.

Degişli maglumat “Arkadag” möhletinden öň Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1998-nji ýylda XIII Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, bu ýaryşlarda çärýek finala çykmagy başardy, ýöne uly üstünlik gazanyp bilmedi.

Galyberse-de, türkmen futbolçylary şu wagtda çenli bir gezek hem futbol boýunça dünýä çempionatyna, ýagny FIFA-nyň oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi. Ýöne milli futbolçylar 2004-nji we 2019-njy ýyllarda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryna gatnaşdy.

Türkmen sport synçysy Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmaklarynyň ähmiýetini nygtady.

“Hökmany suratda, türkmen sport ussatlary halkara ýaryşlara gatnaşmaly, olar şol ýaryşlarda öz ussatlygyny görkezip bilýärler we şeýle ýaryşlaryň üsti bilen ösüp bilýärler, beýleki ussatlary görüp, olardan köp zatlary öwrenip bilýärler. Gynansak-da, Türkmenistanda, meniň her wagt çykyş edişim ýaly, diňe syýasy meseleler göz öňünde tutulýar. Sport, sosial ýa-da beýleki meselelere kän bir üns berlenok. Eger-de sport meseleleri awtoritar režime kömek etse, olara üns berilýär, kömek etmeýän bolsa, üns berlenok” diýip, Gurbanow aýtdy.

Azatlyk Radiosy türkmen futbolçylarynyň Malta Respbublikasyna iberilmezligi boýunça Türkmenistanyň futbol Federasiýasyndan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.