Türkmen häkimiýetleri ýaş dindarlary soraga çekýärler

Baýramçylyk namazy. Gypjak (arhiwden alnan surat)

Balkan welaýatynda dinçi ýaşaýjylar ýene-de häkimiýetleriň üns merkezine düşdi. Birnäçe gün bäri polisiýa işgärleri metjide barýan ýa-da öýlerinde namaz okaýan ýerli ýaşaýjylary soraga çekýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri Balkandaky ýagdaý barada maglumat berdiler.

Geçen hepdäniň penşenbe we anna günleri ýerli polisiýanyň we MHM-niň işgärleri Balkanabatda, Türkmenbaşyda we beýleki etraplarda metjitlere gatnap namaz okaýan we juma namazyna barýan ýaşlaryň ençemesiniň yzyna düşüp, olary metjitlere baran wagtynda ýa-da öýlerinden alyp gidipdir.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, soraga çekilen dinçiler Türkmenbaşynyň we Balkanabadyň şäher häkimligine alnyp barylypdyr.

Degişli maglumat Türkmenistanda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlar soraga çekilýär

"Şäher häkimliginiň binasynyň mejlisler zalynda sorag etdiler. Onda polisiýa, MHM we etraplaryň din işlerine seredýän bölüm wekilleri bardy. Ýaş dindarlary ýeke-ýekeden sorag-jogap edip, olaryň wahabi we beýleki radikal dinlere uýup-uýmazlygyny öwrenip başladylar" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Balkanly dinçileriň soraga çekilmegi bilen bagly ýagdaý geçen hepdeden bäri dowam edýär. Çeşmeleriň sözlerine görä, ýaş dinçileriň telefonlary hem barlanýar we dini mazmundaky islendik materiallaryň tapylan halatynda olara türme tussaglygy bilen haýbat atylýar.

Bu aralykda Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynda meşhur ymamyň eden wagyzly çykyşynyň ses ýazgysynyň Tik Tok sahypasynda peýda bolandygyna ünsi çekýärler. Din wekiliniň agzalan bu çykyşynda wahabi we beýleki radikal akymlara uýýan balkanly ýaşlaryň köpelendigi hakda aýdýar.

Azatlyk Radiosy balkanly din wekillerinden we polisiýa işgärlerinden resmi görnüşde teswir alyp bimedi.

Anonimlik şertinde gürleşen balkanly çeşmeler welaýatda dinçileriň barlanmagyna degişli çäreleriň uly göwrümli reýdleri ýada salýandygyny we häkimiýetleriň ýerli ilatyň radikallaşmagynyň ähtimallygyndan howatyr etmeginden habar berýändigini belleýärler.

"Görnüşinden uly meselä meňzeýär. Döwletiň uly howatyry dini radikal akymlaryň ýene köpelip başlamagynyň ähtimallygy bilen bagly" diýip, ýene bir çeme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Tik Tok we IMO arkaly dini wagyzlary paýlaşanlaryň tas ählisi geçen hepdeden bäri öz goýan wideo wagyzlaryny öçürmäge mejbur edilipdir. Şeýle-de, welaýatyň ähli bazarlarynda dvd disk satýan telekeçilerden eýranly we owganystanly dindarlaryň türkmen dillinde edýän wagyzlarynyň ýazgylary ýygnalyp alynypdyr.

Çeşmeleriň ýene biri şu günler Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň Eýran bilen serhet çäklerinde radio tolkunlary kesýän enjamlary gurnaýandygyny belläp, häkimiýetleriň ilatyň Eýrandan türkmen dilinde dini wagyzlary berýän radio gepleşikleri diňlenmeginiň öňüni almaga synanyşýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri mollalary başga dinlere garşy wagyz-nesihata çekýärler

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köpçüligi sünni musulman dinine uýýar. Dünýewi döwletiň ýolbaşçylarynyň dini ybadatlaryna yzygiderli gatnaşmagy resmi derejede dabaralanýar, olaryň haj zyýaratyna barmagy, metjitlerde namaza gatnaşmagy, sadaka bermegi döwlet telewideniýesinde yzygiderli gökezilýär, olaryň atlary metjitlere dakylýar.

Emma adaty dinçilier ýyllarboýy dürli gysyşlara sezewar bolýar. Namaz okaýan we metjide gatnaýan raýatlar, sakgal goýberýän erkekler we hijably zenanlar wagtal-wagtal soraga çekilýär. Haj zyýaratyna gitmekçi bolýan raýatlar resmiler tarapyndan saýlanýar we olardan ýurt ýolbaşçylarynyň saglygyny dilemek talap edilýär.

Türkmenistan halkara hasabatlarynda öz raýatlarynyň dini azatlyklaryny gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Degişli maglumat "Wahabist bolmaýan bolsaň, iç": Polisiýa arak içirdýär, sakgallary syrdyrýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.