Balkan welaýatynda ýerli häkimiýetler orak we çekiç, sowetleriň baýdagy ýaly SSSR-i wagyz edýän nyşanlaryň il arasynda ýaýradylmagyna garşy göreşip başlady.
Milli howpsuzlyk hem-de içeri işler ministrlikleriniň Balkan welaýatyndaky ýerli edaralary bu kampaniýalaryň çäklerinde sowet nyşanlarynyň suraty çekilen futbolkalaryň, kepkalaryň, ýagny baş gaplaryň söwdasyny gadagan edýärler. Şeýle-de, bu hili harytlaryň mahabat we söwda işleri bilen meşgullanýan adamlary, galyberse-de, şeýle egin-eşikleri geýýän adamlary soraga çekýärler.
“Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň bazarlarynda, egin-eşik dükanlarynda soňky birnäçe ýyl bäri SSSR-i wagyz edýän dürli harytlar, sport lybaslary we beýlekiler peýda bolup başlapdy. Ýokary hilli şeýle harytlary, futbolkalary we kepkalary söwda tekjelerinde elýeterli bahadan görmek bolýardy” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Degişli maglumat Ýuwdarha yzyna dolandy: Stalinçilik Putin Russiýasyna gara kölege salýarÝöne ýerli häkimiýetler golaýda SSSR-i alamatlandyrýan nyşanlara garşy kampaniýalara girişip, bazarlarda, söwda dükanlarynda bu harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlara, hatda sosial ulgamlarda bu hili nyşanlary paýlaşýan adamlara basyş edip başlady.
Ýerli ýaşaýjylar bu kampaniýalara 4-nji sentýabrda badalga berlendigini aýdýarlar.
“Men şu gün Kenar bazarynda polisiýa we MHM işgärleriniň kommunist nyşanly egin-eşik, depder, bloknot we sumka satýan söwdagärleriň harytlaryny ellerinden alyp, olaryň üstüne gygyryp durandyklaryny gördüm. Olar 10-a golaý söwdagärä yrsaradylar we harytlaryň kim tarapyndan, nirelerden getirilendigi bilen gyzyklandylar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.
100 ýyl ozal, 1924-nji ýylyň oktýabr aýynda häzriki serhetleriniň çäginde Sowet Sosialistik Respublikasy hökmünde yglan edilen Türkmenistan 1991-nji ýylda, Sowet Soýuzynyň synmagy bilen, garaşsyz döwlet statusyna eýe boldy.
Şu aý garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyny belleýän ýurtda häkimiýetler tarapyndan Sowet mirasy aç-açan agzalmady, şol bir wagtda açyk ýa-da assyryn görnüşde dekommunizasiýa hem-de dekolonizasiýa proseslerine badalga berildi. Sowet atlary dakylan etraplaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň atlary ýeke-ýekeden milli atlar bilen çalşyryldy.
Türkmenistan ata-babalaryň ýol-ýörelgelerine esaslanýan hem-de öz milli şahsyýeti, kimligi bolan döwlet hökmünde öňe saýlanmaga synanyşdy.
Ýöne Russiýanyň Ukrainada alyp barýan esassyz urşunyň fonunda öňki sowet giňişliginde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda sowet mirasy boýunça gymyldy-hereketler peýda bolup başlady.
Degişli maglumat Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiriUkrainadaky rus urşy käbir öňki sowet respublikalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda wagtal-wagtal özygtyýarlylyk we territorial bitewilik bilen bagly hyjuwlary öjükdirdi.
Sowet simwollarynyň we nyşanlarynyň gadagan edilmegi boýunça çagyryşlar Özbegistanda kanun çykaryjylar derejesinde dillendirilip başlandy. Ýaňy-ýakynda özbek parlamentiniň, Oliý Majlisiň sözçüsiniň orunbasary, şol bir wagtda “Milli Tiklaniş” (Milli Galkynyş) partiýasynyň lideri Alişer Kadyrow Özbegistanda sowet simwollarynyň kanun esasynda gadagan edilmegine çagyryş etdi.
Biraz öň, özbek kazyýeti Samarkand welaýatynda SSSR-iň gaýtadan dikeldilmegine çagyryş eden 74 ýaşly bir ýaşaýjynyň üç ýyl möhlet bilen azatlygyny çäklendirdi. Ol özüniň Telegramda paýlaşan postunda Özbegistanyň garaşsyzlygynyň ýüzleý häsiýete eýe bolandygyny, öňki Sowet Soýuzynyň resmi taýdan asla synmandygyny öňe sürdi.
Munuň yz ýany, özbek parlamentiniň spikeriniň orunbasary “milli gymmatlyklary, milli duýgy-düşünjäni inkär eden” sowet aňyýetini ýazgaryp çykyş etdi.
“Men kazyýetiň kararyny mübärekleýärin” diýip, özbek syýasatçysy öz ildeşiniň azatlygyny çäklendiren kazyýetiň kararyny makullady.
“Özbek halky sowet häkimiýetleri tarapyndan ýekirmelere we kemsitmelere sezewar edildi we häzirki wagtda heniz hem geçmişiň ýaralaryndan gutulýar” diýip, syýasatçy aýtdy.
Türkmenistanda bu hilli çykyşlar resmiler tarapyndan beýan edilmeýär, ýöne häkimiýetler sowet aňyýetini wagyz edýän simwollary, nyşanlary nyşana alýarlar.
Degişli maglumat Täzeden ýazylýan taryh. Geçmişi bilmek näme üçin zerur?Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy soňky ýyllarda ilat arasynda sowet wagzy boýunça gymyldy-hereketleriň hasaba alnyp başlanandygyny aýdýar.
“Hakykatdan-da, günbatar Türkmenistanda 50 ýaşlaryndaky adamlar märekelerde we üýşmeleňlerde SSSR döwrüni taryplap, gürrüňleri gozgap başladylar. Olar ‘SSSR döwründe 1 rubla bir topar zat satyn alardyk, bir sany otly çöp bir köpüge satylardy, 10 rubla 50 kilogram un alardyk, häzir et we süýji ýaly azyk önümlerini satyn almaga ýagdaýymyz ýok’ diýip, köne döwri wagyz edýärler. Şeýle adamlar köpelip başlady. Olar ýakyn wagtda SSSR-iň gaýtadan dikeldiljekdigini, kommunistleriň dünýäde gaýtadan hökmürowan boljakdygyny aýdýarlar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.