Türkmen gurluşykçylary öýlerine aýlyksyz ugradyldy

Gurluşyk işçileri.

Daşoguzly Ýusup Aşgabatda işlän gurluşyk kärhanasyndan garaşylmadyk ýagdaýda işden boşadylyp, aýlyk-günlüksiz yzyna ugradyldy. Ýusup paýtagtyň Çoganly sebitinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen meşgullanan kärhanada 2 ýyl çemesi işländigini, emma soňky döwürde bu hususy kärhananyň öz işgärlerine aýlyk haklaryny wagtynda tölemek bilen baglylykda kynçylyklary başdan geçirendigini gürrüň berdi.

“Biz pul bolan mahaly, aýlyklarymyzyň ählisini jemläp alarys diýip, aýlyk bermeseler-de işläp ýördük. Meniň aýlygym 1000 manat. Bize dört aýyň zähmet haky berilmedi. Geçen hepde işleýän gurluşyk firmamyzyň başlygy döwlet tarapyndan 6 aý bäri pul geçirilmeýändigini, firmada hem puluň ýokdugyny aýtdy. Şol sebäpli ol firmanyň öz işini duruzýandygyny mälim etdi. Soňra-da bize ‘siz öýleriňize gidiň, biz pul bolan mahaly size habar ederis” diýdi.”

Ýeri gelende bellesek, Ýusup ýaly aýlyk haky berilmän işinden çykarylan başga-da onlarça türkmenistanly ildeşlerimizden sosial ulgamlaryndan dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Gurluşyk obýektlerini doly tabşyryp bilmediler”

Olar Aşgabatda we Balkan welaýatynda ençeme hususy gurluşyk firmalarynyň pul ýetmezçiligi sebäpli öz işlerini togtatmaly bolandyklaryny, netijede ozalky işçileriniň saklanan aýlyklaryny hem berip bilmändiklerini aýdýarlar.

Şol sebäpli işini togtatmaly bolan ýerli firmalar öz üstlerine alan gurluşyk obýektlerini hem doly tabşyryp bilmändirler.

“Gurýan desgalarymyzyň gurluşygy doly gutarmady. Olaryň gurluşygynyň 50-70%-i tamamlandy. Adatça her firma 10-20 sany kotež jaýyň gurluşygyny öz üstüne alýar. Olaryň käbiri bäş sanysynyň gurluşygyny tamamlady, käbiri ondan hem köprägini...” diýip, Ýusup gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, ýerli türkmen gurluşyk firmalarynyň öz işgärleriniň aýlyklaryny ençeme aýlap töläp bilmeýändigi baradaky habarlar mundan bir ýyl ozal gowşup başlapdy. Şonda buýurtmaçylaryň gurluşygy alyp barýan ýerli firmalar bilen wagtly-wagtynda özara hasaplaşyk geçirmeýändigi, şol sebäpli işgärleriň aýlyklarynyň wagtynda berilmeýändigi aýdylýardy.

“Meýletin salgyt”

Şeýle-de, soňky aýlarda Balkan welaýatynda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza hususy firmalara 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin “meýletin salgydyň” girizilendigi sebäpli olaryň ençemesi öz işini togtatdy.

Şol wagtda hem bolşy ýaly, häzir hem ýerli gurluşykçylar kärhanalarynyň ýapylmagy we onda işlän işgärleriň aýlyk haklarynyň berilmän, iş orunlaryndan boşadylmagy dogrusynda degişli türkmen resmilerinden, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginden maglumat almak başartmady.

Galyberse-de , Türkmenistanda döwletiň buýurmasy esasynda gurluşyk işlerini amala aşyrýan käbir hususy ýerli firmalaryň ýapylyp başlanandygy baradaky maglumatlar, Aşgabatda Aziýa 2017 oýunlary mynasybetli görülýän taýýarlyklara milliardlarça dollar maliýe goýberilýän döwrüne gabat geldi.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, şu ýylyň 4-nji oktýabrynda türkmen prezidenti G. Berdimuhamedow ýörite resmi dokumente gol goýup, Türkmenistanda binalary gurmak ýa-da olary abadanlaşdyrmak işleriniň 80%-ini indiden beýläk ýerli gurluşyk kärhanalaryna bermegi tabşyrdy.