Türkmen gazynyň Russiýa iberilmegi baha sebäpli togtadyldy

Bezeg suraty

Türkmen gazynyň Gazprom üpjünçiligi ýyl ortasynda, özara ylalaşyk esasynda bes edildi diýip, “Turkmengas” döwlet gaz konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew “Interfaksa” aýtdy diýip, rus habar gullugy Aşgabatdan 24-nji oktýabrda habar berdi.

"Biz Russiýa Federasiýasyna ýylyň ortasyndan bäri, taraplaryň umumy, özara ylalaşygy astynda, tebigy gaz ibermedik" diýip, Arçaýew Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky halkara nebit-gaz konferensiýasynyň we sergisiniň çäginde aýtdy.

Russiýa ýylda iberilmeli türkmen gazynyň mukdary 5 milliard kub metr töweregi bolansoň, ýylyň dowamynda iberilen gazyň 2,5 milliard kub metr töweregi bolan bolmagy mümkin diýip, habarda bellenýär.

"Gepleşikleriň geçirilýän wagtynda men geljegi öňünden çaklap bilemok" diýip, Arçaýew gaz üpjünçiligi pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini nazarda tutup aýtdy.

Şeýle-de, Arçaýew “Türkmengazyň” 2024-nji ýylda 80 milliard kub metrden gowrak gaz öndürmegine garaşýandygyny aýtdy.

"Biziň geçen ýyldaky görkezijimiz 80 milliard kub metrden gowrakdy we bu ýyl hem şondan pes bolmagyna garaşmaýarys, ýagny 80 [milliard kub metr] ýa ondan hem köp bolar” diýil ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma TASS habar gullugynyň “Türkmengazyň” başlygy Maksat Babaýewiň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, taraplaryň baha meselesinde ylalaşmaýandygy sebäpli, "Türkmengaz" we "Gazprom" türkmen gazynyň iberilmegi baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmakdan saklanypdyr.

Türkmen gazynyň Russiýa iberilmegi baradaky ylalaşyk 2019-njy ýylda, 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli möhlet bilen baglaşylypdy.