Türkmen, amerikan diplomatlary hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi Elizabet Rud. Arhiw suraty

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aşgabatda ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy diýip, türkmen DIM-i 20-nji awgustda habar berdi.

Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada maslahatlaşdy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini belledi.

Elizabet Rud golaýda prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşuryp, öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.