Türkiýede türkmen aktiwistleriniň biri Türkmenistandaky ejesine we kakasyna edilýän basyşlara we kemsitmelere çydaman, Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, ýekebara protest aksiýasyny geçirdi. Nurberdi Bazarow köpçülikde gygyryp we janygyp, türkmen hökümetine nägilelik bildirdi we türk häkimiýetlerinden özüni we maşgalasyny goramak üçin kömek sorady.
Bazarow 3-nji iýulda agşam sagat 6 töwereginde geçiren aksiýasyny özüniň “TikTok” sahypasyndan göni efirde köpçülige ýetirdi. Ol Internetdäki çykyşlarynda kanuny hukuklaryny talap edýändigi üçin özüniň, ejesiniň, kakasynyň we dogan-garyndaşlarynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan kemsitmelere we basyşlara sezewar edilýändigini aýtdy.
“Meniň ejem we kakam 35 ýyl döwlete hyzmat etdi. Ýöne meniň ejeme jelep diýýärler. Hökümet hem [oňa] jelep diýýär. Näme üçin? Men hökümetime garşy, men prezidentime garşy... Men [hakymy] talap edenim üçin meniň ejeme, kakama, doganyma, egindeşlerime jelep diýip gygyrýarlar” diýip, Bazarow çykyşynda belledi.
Ol hökümet wekilleriniň özüni “watan dönügi”, “terrorist” atlandyrýandygyny belläp, häkimiýetlerden bu aýdylanlary subut etmegi hem talap etdi.
Degişli maglumat Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy“Men sekiz ýyllap Türkiýe respublikasynda halal zähmet çekdim” diýip, ol aýtdy. Bu wideonyň ýazgysy "Türkmen Helsinki fondunyň" YouTube sahypasynda çap edildi.
Aradan ýarym sagat çemesi wagt geçensoň, Bazarowyň ýanyna türk polisiýa işgärleri gelýärler we ondan mobil telefonyny öçürmegi, ýerinden turup, özleri bilen gelmegi talap edýärler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Migrant media bölüminiň habarçysy Ahmet Rahmanowyň sözlerine görä, türk polisiýa bölümine alnyp gidilen Bazarow aradan bir salym geçensoň boşadyldy.
Köpçülikde Nurmyrat Bazarow ady bilen tanalýan Nurberdi Bazarow, Türkiýede işçi migrant bolup ýaşaýan türkmen aktiwistidir. Türkmenistanyň hökümetini, häzirki we öňki prezidentler Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň maşgalasyny aýratyn ýiti tankytlaýan aktiwistiň çykyşlarynyň köpüsi TikTok-da bolýar. Ol 2016-njy ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýar.
Rahmanowyň sözlerine görä, soňky iki aýyň dowamynda Bazarow oňa we beýleki egindeşlerine “Türkmenistandaky hossarlaryna basyş edilýändigini we olaryň kemsidilýändigini, şol sebäpli protest aksiýasyny geçirmek isleýändigini” birnäçe gezek aýtdy.
“Çydap bilmeýändigini aýtdy. Ene-atasyna basyş edilýändigini, olaryň kemsidilýändigini aýtdy. Şonuň üçin özüni tutup bilmedi. Hökümet işgärleriniň öýüne barandygyny aýdypdy” diýip, Rahmanow belledi.
Ýatlatsak, 34 ýaşly aktiwist geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda Stambulda tussag edilip, Tuzla sebitindäki deportasiýa mekezinde 10 gün tussaglykda saklanypdy. Bazarow şonda Azatlyga özüne basyşlaryň tussaglykdan has öň başlanandygyny gürrüň beripdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň iki raýaty Stambuldaky türkmen konsullygynyň golaýynda tussag edildiTürkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Türk häkimiýetleri 213 müňe golaý türkmenistanlynyň kanuny esasda Türkiýede ýaşaýandygyny mälim edýärler. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.
Türkiýedäki türkmen aktiwistleri soňky üç ýyl bäri Türkmenistanyň awtoritar hökümetine garşy yzygiderli çykyş edýärler. Bu, Türkmenistandaky ýagdaýa halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär we türkmen häkimiýetlerinde nägilelik döredýär.
Munuň bilen bir wagtda, Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistleri yzygiderli basyşlara sezewar edilýär. Mundan başga-da, aktiwistleriň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna basyş edilýändigi barada hem yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.
Halkara guramalar tarapyndan adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankytlanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlary boýun almaýarlar ýa-da olara reaksiýa bildirmeýärler.
Degişli maglumat Blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana iberildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.