Türkmen adalatçysy ýyllyk hasabatyny çap etdi; şikaýat edýänler köpelýär

Ýazdursun Gurbannazarowa

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowa 2022-nji ýyldaky işleri boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi, onda adalatçynyň edarasyna ýylyň dowamynda 523 şikaýatyň edilendigi aýdylýar.

"Turkmen.news" neşiri çap edilen hasabata syn berip, Gurbannazarowanyň edarasynyň 2021-nji ýylda 355 şikaýata garandygyny, bir ýyl soň olaryň sanynyň ýazmaça 356 we dilden edilen 167 şikaýat bolandygyny belleýär.

Şikaýatlaryň 41%- Aşgabatdan gelen bolsa, biri daşary ýurtdan, Ukrainanyň raýatyndan gelip, edaranyň "ygtyýarlyklaryna girmeýändigi üçin" diýen bellik bilen seredilmän galdyrylypdyr.

Ýazmaça edilen şikaýatlaryň köpüsi, 106 arza, raýatlaryň ýaşaýyş jaýly bolmak hukuklary bilen bagly bolan bolsa, ikinji orunda “beýleki meseleler” diýlip görkezilen şikaýatlar durýar. Bu hili ýagdaýlar sebäpli 59 arza berlipdir.

Üçünji orunda kazyýetiň çykaran kararlaryndan kanagatlanmadyk raýatlaryň ýazan arzalary durýar, olaryň sany 42 bolupdyr.

Dördünji orunda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ol ýa-da beýleki hereketlerinden edilen şikaýatlar durýar, bular jemi 34 arza. Şeýle-de, saglygy goraýyş ulgamy boýunça bary-ýogy üç şikaýatyň, bilim pudagy boýunça dört şikaýatyň edilendigi aýdylýar.

Ýazmaça şikaýat edenleriň üçden ikiden gowragyna düşündiriş jogaplary berlipdir, ýagny ygtyrýarly wekiliň wezipesi maslahat, geňeş bermek bolup çykypdyr diýip, “Turkmen.news” belleýär.

Şeýle-de, şikaýatlaryň üçden bir bölegine aşagyna gol çekilmändigi, ýüz tutmak möhletiniň geçendigi, gaýtalap ýüz tutulandygy, adalatçynyň ygtyýarlyklaryndan çykandygy sebäpli seredilmändigi aýdylýar.

Şeýlelikde, hasabatda 2022-nji ýylda edilen 15 şikaýatyň we 2021-nji ýyldan galan üç ýüz tutmanyň kanagatlandyrylandygy aýdylýar.

Azatlyga gelip gowuşýan habarlara görä, has erbet ýagdaýa düşmekden alada edip, hukuklary bozulan raýatlaryň köpüsi häkimiýetlere, şol sanda adalatçynyň edarasyna ýüz tutmakdan saklanýar.

Ombudsmana ýüz tutulan halatynda hem, kanunlaryň gödek, görnetin bozulandygyny görkezýän faktlara garamazdan, şikaýat edenleriň arzalary olaryň nägile bolan edaralaryna iberilip, başdansowma jogap berilýär.

Azatlyk şeýle ýagdaýlaryň biri boýunça žurnalistik derňewini geçirip, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasyna, Baş prokuratura, Adalat ministrligine ýüz tutdy, emma aýdyňlaşdyryjy jogap alyp bilmedi.

Türkmenistan halkara gurmalarynyň ýyllyk hasabatlarynda öz kanunlaryny bozýan, esasy adam hukuklary we azatlyklary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän ýurtlaryň biri hökmünde yzygiderli tankyt edilýär.

Degişli maglumat Bägüliň ölümine kim günäkär? 6 ýyl öň öz janyna kast eden gyzyň hossarlary adalaty gazanyp bilmeýär