Türkiýeden Türkmenistana deport edilýän raýatlar “köpelýär”

Aşgabadyň halkara aeroporty (Illýustrasiýa suraty)

Soňky hepdelerde Türkiýeden deport edilip, ýurda dolanýan raýatlaryň sany göz-görtele köpelýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ynamdar çeşmesi maglumat berýär. Ýurda dolanan türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki agyr şertler barada gürrüň berýärler. Bu aralykda, Türkiýedäki çeşmelerimiz we türkmen migrantlary türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy göreşiniň has-da güýçlenýändigini aýdýarlar.

“Ýanwaryň soňky günlerinde Türkiýeden Türkmenistana has köp migrant deport edildi. Näçe adamyň gelendigi takyk belli däl. Ýöne olaryň sanyny ýüzlerçe diýip bolar” diýip, çeşmämiz 6-njy fewralda maglumat berdi.

Bu türkmenistanlylar türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy geçiren reýdlerinde saklandy. Olaryň aglabasy syýahat wizasy bilen, ýa hiç hili wizasy ýa-da biometriki pasporty bolmazdan, Türkiýede zähmet çeken türkmenlerdir.

Degişli maglumat 50-ä golaý türkmen raýaty Türkiýeden deport edildi

Ýurda dolanan türkmenistanlylaryň birnäçesi türk häkimiýetlerinden özlerini Türkmenistana deport etmegi sorandygyny aýdýar. Olar muňa türk deportasiýa merkezlerindäki “agyr şertleriň” sebäp bolandygyny belleýärler.

“Türk häkimiýetleri tarapyndan saklanan türkmenler iki hepdeläp agyr şertlerde saklanýar. Türkmenleriň Türkiýede galasy gelse-de, olar bu şertlere çydaman, özleri deportasiýa edilmäge razy bolýarlar” diýip, ýurda dolanan türkmenistanly Stambulyň Tuzla sebitindäki deportasiýa merkezinde 200 töweregi türkmen raýatynyň saklanýandygyny hem aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň halkara aeroportundan, Döwlet Migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi. Redaksiýanyň agzalýan merkez bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkiýede Rejep Taýýyp Erdoganyň geçen ýylyň 28-nji maýynda täzeden prezidentlige saýlanmagynyň yzysüre, türk häkimiýetleri bikanun migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini artdyrdylar. Müňlerçe bikanun migrant Türkiýeden deport edildi.

Türkiýedäki çeşmelerimiz we türkmen migrantlary türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy göreşiniň soňky aýlarda has-da güýçlenýändigini aýdýarlar.

“Polisiýa oktýabr aýyndan bäri her aýda bir gezek öýümize gelýär. Diňe biziň öýümize däl, eýse beýleki daşary ýurtlularyň, şol sanda türkmenleriň ýaşaýan öýlerine hem aýlanyp, resminamalarymyzy barlaýarlar” diýip, Türkiýedäki ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Türkiýe: Ykdysady krizis we migrasiýa syýasatynda jemgyýetçilik meýliniň üýtgemegi

Polisiýa köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda köçelerde, jemgyýetçilik transportlarynda, söwda merkezlerinde geçirýän reýdlerini hem dowam etdirýär. Bu ýagdaý, bikanun zähmet çekýän türkmenistanlylaryň Türkiýede galmagyny günsaýyn kynlaşdyrýar.

“Türkmen zenanlarynyň köpüsi hojalyklarda çagalara ýa-da garrylara esewan edip, zähmet çekýärler. Olar bikanun işleýärler. Ýöne soňky aýlarda bu zenanlara iş berijileri indi olary işledip bilmejekdiklerini aýdýarlar. Olar munuň sebäbini polisiýanyň öýlere geçirýän reýdleri we bikanun migrantlary işledýän iş berijilere salýan jerimeleri bilen düşündirýärler. Olar türkmenleri işden boşadyp, özbekleri işe alýarlar” diýip, türkmenistanly migrant anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi

Türkiýäniň içeri işler ministri geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabryna çenli aralykda wizalarynyň möhleti dolan ýa-da wiza düzgünleriniň bozulandygy hasaba alnan 371 müňden gowrak daşary ýurtlynyň Türkiýeden çykarylandygyny aýtdy.

Ali Ýerlikaýa bu maglumaty 31-nji ýanwarda özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda mälim etdi, emma olaryň haýsy ýurtlaryň raýatydygyny anyklaşdyrmady.

Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri geçen ýylyň tomus aýlaryndan bäri müňlerçe türkmen raýatynyň Türkiýeden Türkmenistana deport edilendigi barada birnäçe gezek habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy we okuw üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň başlarynda gelýär.

Ýöne türkmen migrantlary Türkiýäniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmeginiň yz ýany, özleriniň bu ýurtda kanuny esasda ýaşamagynyň kynlaşandygyny aýdyp gelýärler.

Türk Migrasiýa edarasynyň 25-nji ýanwarda täzelän soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkiýede 208 müň 123 türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we garaşsyz neşirler bu ýurtdaky türkmenleriň hakyky sanynyň resmi görkezijiden ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistanly gyzy öldürmekde aýyplanýan türk raýatyna 20 ýyl kesildi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.