Türkiýede ýarag zawodunda bolan partlamada 12 adam öldi

Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir welaýatynda partlaýjy serişdeleri öndürýän zawodda bolan partlamada azyndan 12 adam öldi. CNN Türk ýerli häkimiýetlere salgylanyp, ýene üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, partlama örän güýçli bolup, ony goňşy obanyň ýaşaýjylary duýupdyr. Partlamanyň netijesinde binanyň üçegi ýumruldy.

Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek işi dowam etdirilýär. Halas ediş işine 112 sany tiz kömek we ýangyn söndüriji topary gatnaşýar.

Partlama desganyň önümçilik ussahanasynda döräpdir. CNN-iň habaryna görä, her smenada 20 adam işleýärdi.

Welaýat häkimi Ysmaýyl Ustaoglunyň aýtmagyna görä, täze partlamanyň döremek howpy ýok.

Partlamanyň sebäbi entek belli däl. Emma sebitiň başlygynyň sözlerine görä, diwersiýa barada gürrüň ýok. Prokuratura derňew işine başlady.

Kompaniýanyň websahypasyna görä, zawodda öndürlen önümleriň arasynda aw we sport üçin ok-däri hem-de durmuşda ulanylýan partlaýjy serişdeler bar.