Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa 6-njy oktýabrda giç agşam polisiýa alnyp baryldy, emma migrasiýa edarasyndaky barlagda onuň saklanmagyna hiç hili esasyň ýokdugy anyklandy. Aktiwist bir aýdan az wagtyň içinde özüne gümürtik ýagdaýda ikinji gezek azar berilmegi bilen bagly ýagdaýa aladalanýar we öz howpsuzlygyndan howatyr edýär.
Türkiýede ýaşaýan we BMG-niň howandarlygyndaky halkara gorag statusyna eýe bolan türkmen graždan aktiwisti Dürsoltan Taganowa ýekşenbe güni giç agşam polisiýa alnyp baryldy. Ol dynç güni gije bolan bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi.
"Düýn gije sagat 11-de gapym kakylýar. Gapyny açdym, dokumentlerini görkezdi, özüniň polisiýadygyny tanatdy. 'Bar eşikleriňi geý, biz bilen barýaň' diýip aýtdy. Näme üçin alyp gidip otyrsyňyz diýsem, 'bir zat barlamaly' diýdi. Maşyna mündürip alyp gitdiler Esenýurt migrasiýasyna. Migrasiýada dokumentlerimi barladylar, howpsuzlyk bilen baglanyşykly bar zady barlap çykdylar, hiç hili kanun bozma ýok, arassa. Ýöne olara şeýle bir habar gelipdir "G87" bilen bagly kod bar diýip".
Degişli maglumat Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýarMigrasiýa gullugyndaky barlaglardan soň Dürsoltan Taganowa we onuň aklawçysy polisiýa işgärini aktiwistiň öýüne kimiň iberendigini we muňa näme sebäp bolandygyny anyklamaga synanyşýarlar.
"Adwokatym ýetişdi. Ol hem ýagdaýy anyklajak boldy. Ýöne kim iberdi polisiýany öýüme? Muny henizem anyklap bolmady" diýip, Taganowa aýdýar.
Tanymal graždan aktiwisti we adam hukuklaryny goraýjysy Dürsoltan Taganowa 2021-nji ýyldan bäri BMG-niň howandarlygyndaky halkara gorag statusyna eýe bolan şahs. Ol Türkiýede kanun esasda ýaşaýar.
Şeýle-de bolsa ol birnäçe ýyl bäri basyş astynda galýar. Aktiwist geçen aýyň ortalarynda ýene bir şübheli ýagdaýa duçar bolupdy.
Taganowa 12-nji sentýabrdan başlap birnäçe gezek näbelli adam tarapyndan jaň edilendigini, polisiýa çagyrandygyny we iş adresini talap edendigini Azatlyga habar beripdi.
Şonda aktiwistiň aklawçysy polisiýa ýüz tutup, jaň eden adamyň agzan polisiýa işgäriniň bardygyny, emma onuň öz adyndan jaň edilmeginden habarsyzdygy we Dürsoltan Taganowa bilen bagly hiç hili şikaýatyň hasaba alynmandygy belli bolupdyr.
Türkiýede ýaşaýan Dürsoltan Taganowa tanymal graždan aktiwisti we adam hukuklaryny goraýjysy iki gezek 2020-nji we 2021-nji ýyllarda saklanyp, deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Ol 2020-nji ýylda deportasiýa merkezine geçirilende, adam hukuklary boýunça 11 sany abraýly halkara topary türk häkimiýetlerini aktiwisti deportasiýa etmekden saklanmaga çagyrandan soň boşadylypdy.
2021-nji ýylda Taganowa türk migrasiýa gullugyna çagyrylanda, ol ýerde syýasy işlerini bes etmese, ýurtda galmakda kynçylyklaryň bolup biljekdigini duýdurandyklaryny žurnalistlere aýdypdy.
Dürsoltan Taganowa Türkiýede zähmet çekýän türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň bozulmagyna, türkmen migrantlarynyň kynçylyklaryna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek we ýardam berilmegini gazanmak ugrunda aktiw iş alyp barýar.
Degişli maglumat Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldiDürsoltan Taganowanyň soňky aýlarda ýüzbe-ýüz bolan gümürtik ýagdaýlary türkmen raýatlarynyň birnäçesiniň Türkiýede dereksiz ýitirm bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Öz pikirini açyk beýan eden ýa-da türkmen hökümetini tankyt eden türkmenistanlylaryň birnäçesi Türkiýede ýitirim bolansoň, Türkmenistanda tussaglykda saklanýandygy mälim boldy.
Şu ýylyň başynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde diňlenen Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň adam hukuklary boýunça topary we Wenada ýerleşýän "Ýewraziýa üçin azatlyk" guramasy tarapyndan taýýarlanan hasabatda Türkiýe türkmen syýasy aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylar üçin "gitdigiçe howply ýere öwrülýär" diýlip kesgitlendi.
Hasabatda türkmenleriň "Aşgabat bilen Ankaranyň gözegçiligi we gitdigiçe artýan ýol çäklendirmeleri, kemsidilmeler we beýleki zorluk-sütemler" bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellendi.
Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň resmi sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 220 müň çemesi raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen migrantlarynyň sany birnäçe esse köp.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.