Türk prokurorlary kazydan Türkiýede türkmen raýatyny “bilkastlaýyn öldürmekde” aýyplanýan türkmenistanlynyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.
“Hürriyet” neşiriniň 30-njy oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Stambulyň Maltepe etrabyndaky bir köp gatly jaýyň basgançaklarynda Aziz Babahanowyň öli tapylmagy bilen baglanyşykly derňew işi tamamlandy.
Waka şu ýylyň 21-nji maýynda Findikli etrapçasynyň Mehmet Ersoý köçesindäki dört gatly jaýda boldy. Şonda 40 ýaşly Babahanow jaýyň ikinji gatyndaky basgançaklarda öli tapyldy. Wakadan soňra Babahanowyň şol binada ýaşaýan halaşan gyzy Gulnoza Salomowa tussag edilipdi.
Anadolu respublika baş prokuraturasy tarapyndan taýýarlanan aýyplama görä, binadaky gözegçilik kameralarynyň ýazgylarynda şübheli bilen merhumyň bir wagtyň özünde binanyň içine girendigi, soňra-da şübheliniň binadan ýeke çykandygy, soň ýene öýe girendigi anyklandy.
Degişli maglumat Stambulda türk erkegi türkmenistanly gyza jynsy taýdan sütem etmekde aýyplanýar“Aýyplamada [Babahanowyň] ölümine kellä urgy almagynyň we şikes ýetmeginiň sebäp bolandygy, şübheliniň beýannamasynyň jenaýat [aýyplamasyndan] gutulmaga günükdirilendigi kesgitlendi. Şübheli Salomowanyň ‘bilkastlaýyn adam öldürmekde’ ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegi talap edildi. Aýyplama kabul edildi, şübheli öňümizdäki günlerde kazynyň öňüne çykar” diýlip, habarda kazyýet diňlenişiginiň anyk senesi barada hiç zat aýdylmaýar.
Türkiýäniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizendigine we türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirendigine garamazdan, bu ýurt türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy we okuw üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň başlarynda gelýär.
Türk Migrasiýa edarasynyň 26-njy oktýabrda täzelenen sanlaryna görä, 195 409 türkmen raýaty kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň resmi görkezijilerden ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine mälim etmeýär. Şeýle-de, häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri olaryň bu ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada hem mesele gozgamaýarlar.
Ýöne Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda türkmen studentleri türk metbugatyndaky habarlaryň arasynda ýygy-ýygydan peýda bolýar.
Geçen aýyň başynda Türkiýede türk erkegi türkmenistanly gyza jynsy taýdan sütem etmekde aýyplandy. Başdan geçirenlerini türk mediasyna gürrüň beren türkmen studenti wakanyň yz ýany polisiýa tarapyndan tussag edilen türk erkeginiň özüne “meseläni pul bilen çözmegi teklip edendigini” hem aýtdy.
Degişli maglumat Stambulda ýüpden asylan türkmenistanlynyň jesedi tapyldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.