Türkiýäniň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen raýatlary agyr şertlerden şikaýat edýärler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Antaliýanyň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmenistanly iki zenan: Saýara we Maral (atlary üýtgedildi – red.) bu ýerdäki agyr ýaşaýyş şertleri barada gürrüň berdiler. Olar adaty zerur hajatlary bilen bagly kynçylyklar bilen birlikde, psihiki taýdan hem kösenýändiklerini aýdýarlar. Olar Türkiýede ýaşamak rugsadyny alyp bilmeýändikleri üçin, özlerine bikanun gelenler hökmünde garalýandygyny hem nygtaýarlar. Türkiýede kanuny ýagdaýda 200 müňe golaý türkmenistanyň raýaty bardygy bellenilýär. Emma hukuk goraýjylar we aktiwistler bu ýurtda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň has köpdügini aýdýarlar.

Wideo: Migrant-Media