Türkiýä gelýän adamlaryň barmak yzlary alnar

Türkiýä gelip girýän adamlaryň barmak yzlary alnar. "Sabah" gazeti bu habary ýurduň içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa salgylanyp berdi. Ýöne ol täze düzgüniň işe giriziljek wagtyny aýtmady.

"Içeri işler ministri Ýerlikaýa gelejek üçin möhüm bir taslamany yglan etdi we Türkiýä gelip giren adamlaryň, ABŞ-da we Angliýada bolşy ýaly, barmak yzlarynyň alynjakdygyny aýtdy" diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, Ýerlikaýa wagtlaýyn gorag durumy bolan adamlaryň şahsyýetnamalarynyň çipler bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkiýede 4,437 million migrant hasaba alyndy. Olaryň 3,103 milliony Siriýanyň raýatlary bolup durýar.