Türk düzgünleşdirijisi, eger häkimiýetleriň talaplaryny äsgermezlik etmegini dowam etdirse, ýurtda Telegram messenjerini petiklemek haýbatyny atýar. Olar bu messenjerdäki bikanun hasaplanan mazmunlar barada müňden gowrak hat iberipdir diýip, “Daily Sabah” gazeti habar berýär.
Häkimiýetler messenjeriň neşe gaçakçylygy, çagalara jyns taýdan zorluk edilmegi, jelepçilik we humarly oýunlar bilen baglanyşykly kanallaryň dolandyryjylary we gatnaşyjylary baradaky maglumatlary açmagyny talap edýärler. Düzgünleşdirijiniň messenjere müňden gowrak hat iberendigi, ýöne olaryň hiç birine jogap berilmändigi aýdylýar.
Habar gazetde çap edilen wagtynda messenjer bu täzelege hiç bir düşündiriş bermedi, düzgünleşdirijiniň we polisiýanyň hatlary Telegrama, Angliýa iberildi diýip, “Daily Sabah” ýazýar. Messenjer Angliýadaky ofisini ýapdy we bu kompaniýa indi BAE-de ýerleşýär.