Türki döwletler guramasynyň Bişkekdäki sammiti, gurama gatnaşýan döwletleriň baştutanlarynyň XI mejlisi 6-njy noýabrda öz işine başlady. Bu çäre, prezident administrasiýasynyň maglumatyna görä, Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda geçirilýär.
“Yntymak Ordo” girmezlerinden ozal, döwlet baştutany TDG-a agza ýurtlaryň liderleriniň her birini - Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýewi, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogany, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýowy aýratynlykda garşy aldy. Şeýle-de, synçy döwletiň lideri hökmünde, bu çärä Wengriýa Respublikasynyň premýer ministri Wiktor Orban gatnaşýar.
TDG-a synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamdow Bişkekde görünmedi.
Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri 5-nji noýabrda bu sammite Türkmenistanyň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny anyklaşdyrman habar berdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, “Bitarap Türkmenistan türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar. Olaryň dowamynda doganlyk halklaryň arasyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylýar.”
Metbugat habarlaryna görä, sammite Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi wekilçilik edýär.