Tramp uruşlary togtatmak, “zamun alnanlary” boşatmak wadasyny berdi

Ozalky prezident Donald Tramp ozalky birinji hanym Melania Tramp bilen, Respublikan partiýanyň milli konwensiýasynyň soňky güni.

Donald Tramp Respublikan partiýanyň milli konwensiýasynda, janyna kast etmek synanyşygynyň birnaçe gün soňundan eden çykyşynda prezidentlige dalaşgärligi kabul edip, Ukrainadaky we Gazadaky uruşlary togtatmak, ABŞ-nyň ‘zamun alnan” adamlaryny boşatmak wadasyny berdi.

Öňki prezident, sag gulagy sargyly ýagdaýda çykyş eden 78 ýaşly Tramp, Federal derňew býurosynayň aýtmagyna görä, janyna kast etmek synanyşygy netijesinde ýaralandy. Ol dünýäniň üçünji jahan urşunyň bosagasyna ‘gelendigini’ duýduryp, Sowuk uruş döwrüniň raketa goranyş meýilnamasyny dikeltmek wadasyny berdi.

“Häzir Ýewropada we Ýakyn Gündogarda urus möwjeýär. Bu administrasiýa problemalary çözmegiň golaýyna hem gelip bilmeýär” diýip, Tramp 5-nji noýabrda geçiriljek saýlawda möhüm şatatlaryň biri bolan Wiskonsin ştatynyň Milwauki şäherinde dört gün dowam eden konwensiýanyň soňky gününde eden 92 minutlyk çykyşynda aýtdy.

Tramp 2024-nji ýyldaky demokrat bäsdeşini, prezident Jo Baýdeni ABŞ-nyň Owganystandan bulaşyk ýagdaýda çykmagynda we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Ukraina çozmaga hyjuwlandyrmakda günäkärledi.

Jorjtaun uniwersitetiniň Hökümet bölüminiň syýasy alymy Hans Noel Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Trampyň çykyşynyň onuň daşary syýasatdaky garaýyşlaryna "hiç bir täze zat" getirmändigini, Ukrainanyň goranyş urşuny goldamak meslesinde bolsa, onuň pikirleriniň demokratlaryň garaýyşlaryna düýpgöter garşy gelýändigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, iň köp göze dürtülen zat Ukrainadaky urşuň başgaça düşündirilmegi boldy” diýip, Noel aýtdy.

"Bu ýerde Russiýanyň Ukraina çozandygy we Ukrainanyň özüni goramagy üçin bizden kömek isleýändigi däl, tersine, Ukraina bilen Russiýanyň özleriniň urşa girendigi we, belki, biziň muňa goşulmaly däldigimiz barada gürrüň edilýär” diýip, Noel sözüniň üstüni ýetirdi.

Respublikan dalaşgär Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň hatda Russiýa bilen Hytaý senden, ýagny Trampdan “gorkýar” diýendigini aýtdy. Orban 11-nji iýulda, Moskwa we Pekine eden saparyndan soň, Ukrainadaky urşuň togtadylmagy barada pikir alyşmak üçin Florida geldi.

Şeýle-de Tramp, kimleri we nädip boşatjakdygy barada hiç bir anyk zat aýtman, ABŞ-dan bolan ‘zamunlary’ boşatjakdygyny aýtdy.

Bu sözler daşary ýurtlarda “bikanun tussag edilen” onlarça amerikalyny nazarda tutulyp aýdylana meňzeýär. Olaryň birnäçesi, şol sanda ABŞ-Russiýa raýatlygy bolan, AÝ/AR-nyň weteran žurnalisti Alsu Kurmaşewa Russiýada bendilikde saklanýar. ABŞ-nyň hökümeti Kurmaşewanyň Pragada alyp barýan žurnalistik işi üçin, ar almak maksady bilen tutulandygyny aýdýar.

Baýden administrasiýasy soňky üç ýylda, tussaglary çalyşmak we beýleki usullar bilen, köp adamy bendilikden azat etdi.

Tramp Russiýanyň ýadro suwasty gämileriniň Floridadan 145 km uzaklykdaky Kubada ýerleşdirilendigini belledi we, yglan etmezinden ozal, saýlanan halatynda, öňki prezident Ronald Reýganyň ABŞ-ny uzak aralyk ýadro ýaraglaryndan goramak üçin kosmosda ýerleşýän raketa goranyş ulgamyny işläp düzmek meýilnamasyny janlandyrjakdygyny aýtdy.

Tramp tehnologiki ilerlemeleriň bu taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligini döretjekdigini öňe sürdi. ABŞ 1990-njy ýyllarda, Sowuk uruş gutaranyndan soň we Moskwa bilen aradaky gatnaşyklaryň gowulaşmagy netijesinde, Reýganyň garşydaşlary tarapyndan "Ýyldyz uruşlary" diýlip atlandyrylan meýilnamadan ýüz öwürdi.

Işleýän wagtynda iki gezek impiçment edilen, ýagny ynamdan gaçan we ýyl başynda iş ýazgylaryny galplaşdyrmakda ýazgarylan, ýene üç aýyplama, şol sanda 2020-nji ýyldaky saýlawlaryň netijelerini ýatyrmak üçin dil düwüşmekde aýyplanýan öňki prezidentiň dalaşgär bolmagy ajaýyp syýasy dolanyş bolup görünýär. Trampyň gizlin resminamalara çemeleşmesi bilen baglanyşykly kazyýet işleriniň biri ýakynda ýatyryldy, ýöne prokurorlar onuň ýatyrylmagyndan şikaýat etdiler.

Trampyň ajaýyp syýasy dolanyşy we janyna kast etmek synanyşygyndan soňky daýawlanmasy Baýdeniň COVID-19-a ýolugyp, kampaniýasyny gowşadan we öz partiýasynyň ýaryşdan çykmak barada edýän çagyryşlary bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat geldi.

Tramp öz çykyşynda Baýdeni, şu hepdäniň ahyrynda ýaryşdan çykmagynyň ähtimaldygy baradaky habarlaryň arasynda, prezidentiň adyny tutup, diňe bir gezek agzady.

Baýden 2020-nji ýylda Trampy ýeňdi, ýöne prezidentiň 27-nji iýunda geçirilen çekişmedäki gowuşgunsyzlygyndan soň, Demokratik partiýada onuň bu görkezijini gaýtalap bilmezliginden howatyr edilýär.

Demokratlar öz gurultaýyny 19-22-nji awgustda, Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde geçirer.