ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp ýene-de Ak tama dolanyp baranyndan gysga wagt soň Russiýa bilen Ukrainadaky urşy bes etmek barada gepleşik geçirmäge ilgezikdigini aýtdy, ýöne ol bu gepleşigiň haçan boljakdygyny anyklaşdyrmady. Şu aralykda Ukraina Russiýanyň içinde, günorta Saratow sebitinde ýerleşýän nebit ammaryna zarba urandygyny aýtdy.
Tramp bu gepleşikleriň ýakyn wagtda geçirilenini görmek isleýändigini, sebäbi "hem Russiýanyň, hem Ukrainanyň köp ýaş adamy ýitirýändigini" nygtady.
Florida ştatynda ýerleşýän Mar-a-Lago mülkünde geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen haçan ýa-da haýsy ýakyn wagtda duşuşjakdygyny aýtmady, ýöne ol şeýle duşuşygyň 20-nji ýanwarda kasam kabul etmezinden öň ýerlikli bolup bilmejekdigini aýtdy.
"Men muny size aýdyp biljek däl, ýöne Putiniň duşuşmak isleýändigini bilýärin" diýip, Tramp aýtdy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow dekabr aýynyň aýagynda ABŞ bilen Russiýanyň prezidentleriniň arasynda duşuşmak üçin deslapky şertleriň ýokdugyny aýtdy.
Saýlanan prezident öň, saýlaw kampaniýasynda eden çykyşynda özüniň prezident hökmünde işe girişeninden soňky 24 sagadyň içinde Ukrainadaky konflikti bes edip biljekdigini aýdypdy. Ýöne indi, soňky metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Tramp urşy alty aý içinde togtatmaga umyt baglaýandygyny belledi.
Ol uruş meselesini ýarym ýylda çözüp bilermisiňiz diýen soraga jogap berip, "Men alty aýdan has öň [çözmegi] umyt edýärin" diýdi.
Trampyň Ak Tama gaýdyp gelmegi onuň üç ýyl töweregi dowam eden konflikte nähili täsir etjekdigi we gepleşikleriň bolup biljekdigi ýa däldigi barada nämälimlik hem getirýär. Ýöne Tramp metbugat ýygnagynda bu meseläni "sazlamak" kararynda aýgytlydygyny aýtdy hem-de munuň "kyn meseledigini" boýun aldy.
Ukrain resmileri gyssagly gurnalan gepleşikleriň islendiginiň Russiýanyň basyp alan ukrain territoriýasyny özünde saklamagyna ýol açmagyndan we rus güýçlerine dynç almak hem-de gaýtadan guramaçylyklaşmak mümkinçiligini bermeginden alada galýarlar.
Şeýle-de, ukrainalylar Trampy öz ýurtlaryna berilýän ABŞ harby goldawyny dowam etdirmäge höweslendirmek isleýärler. Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha 7-nji ýanwarda Trampyň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekiliniň Ukraina etmeli saparynyň ýatyrylandygyny we onuň täzeden meýilleşdirilmelidigini aýtdy.
Ilçi Kit Kellogga urşy togtatmak üçin geçiriljek gepleşiklere ýolbaşçylyk etmek tabşyryldy. Kellogg atyşygy bes etmek mümkinçiligi baradaky gepleşikleriň Tramp işe başlanyndan soň başlanyp biljekdigini aýtdy we dekabr aýynda "Fox News" neşirine beren interwýusynda uruş meselesiniň "gelýän birnäçe aýyň içinde çözülip bilinjekdigini" belledi.
Kellogg bilen ukrain resmileriniň arasynda meýilleşdirilen duşuşyklar "örän möhüm" diýip, Sybiha sapar edýän Islandiýaly kärdeşi bilen guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.
"Bu duşuşygyň öz wagtynda geçiriljekdigine ynanýaryn" diýip, ol Kiýewde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy. "Biz gurnamak möhletini anyk kesgitlemek we bu duşuşygyň mümkin boldugyça manyly bolmagyny üpjün etmek üçin aragatnaşyk saklaýarys" diýip, Sybiha aýtdy.
Ramşteýn duşuşygy
Trampa ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň Ukraina üçin yglan etjek ahyrky harby kömek bukjasy diýilýän barada sorag berilmedi. Aýdylmagyna görä, goranmak sekretary Lloýd Ostin bu kömegi 9-njy ýanwarda, Germaniýa edýän saparynyň çäginde yglan eder.
Ostin Germaniýanyň Ramşteýn şäherindäki howa bazasynda Ukraina goranyş aragatnaşyk toparyna girýän 50 töweregi hyzmatdaş döwletiň wekilleri bilen duşuşar.
Ostiniň sapary barada žurnalistlere maglumat beren iki resminiň sözlerine görä, bu bukjanyň "düýpli" bolmagyna garaşylýar. Ýöne resmiler bu kömegiň takyk dollar mukdaryny bermediler.
Ostin bu saparynda Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşundan soň gurnalan aragatnaşyk topary bilen soňky gezek duşuşar.
Uruş başlanaly bäri bu ýurtlar bilen bilelikde Ukraina 126 milliard dollardan gowrak bahasy bolan ýarag, harby tälim we kömek berildi. Bu kömegiň jemi 66 milliard dollarlygy ABŞ-nyň paýyna düşdi.
Şu aralykda Ukraina Russiýanyň içinde, günorta Saratow sebitinde ýerleşýän nebit ammaryna zarba urandygyny aýtdy. Ukrainanyň öz zarba urujy ýaraglary bilren urlana meňzeýän ammaryň strategiki howa bazasyna hyzmat edýändigi aýdylýar.
8-nji ýanwarda urlan zarba "rus basybalyjylarynyň strategiki awiasiýasy üçin çynlakaý maddy-tehniki kynçylyklary döredýär we olaryň Ukrainanyň parahat şäherlerine we raýat desgalaryna zarba urmak ukybyny düýpli azaldar" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby sosial ulgamlarda aýtdy.