Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň parahatçylyk gepleşiklerine çagyrýar

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (ortada), ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski (çepde), Pariž, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry.

Donald Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda haýal etmän atyşygy bes etmek we parahatçylyk barada gepleşik geçirilmegine çagyrdy.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti bu çagyryşy "Truth Social" sosial ulgamynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Asadyň režiminiň synmagy bilen bagly eden beýanatynda etdi.

"Asad indi ýok. Ol öz ýurdundan gaçdy. Onuň goragçysy, Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa, Russiýa, Russiýa indi ony goramak bilen gyzyklanmaýar" diýip, Tramp ýazdy.

Saýlanan prezidentiň sözlerine görä, Moskwa Siriýa bolan gyzyklanmasyny Ukraina sebäpli ýitirdi. Ol Moskwanyň "hiç haçan başlamaly däl we baky dowam edip biljek urşunda 600 000 töweregi rus esgeriniň ýaralanandygyny ýa-da öldürilendigini" aýtdy.

Şeýle-de, Tramp Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň Russiýa bilen “bu akylsyzlygy bes etmek” barada ylalaşyk baglaşmak isleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Ukrainanyň 400 müň esgerini has köp parahat ýaşaýjysyny ýitirendigini aýtdy. (Bu maglumatlar resmi däl; taraplaryň harby ýitgileri barada dürli pikirler bar; rus we ukrain häkimiýetleriniň özleri bu ýitgiler barada doly maglumat çap etmeýärler.)

"Men Wladimiri [Putini] gowy tanaýaryn. Häzir onuň hereket etmeli wagty geldi. Hytaý kömek edip biler. Dünýä garaşýar!" diýip, Tramp nygtady.

Bir gün öň Parižde ABŞ-nyň saýlanan prezidentiniň, Ukrainanyň prezidentiniň we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşik takmynan 35 minut dowam etdi. Gepleşigiň netijelerine bagyşlanan metbugat konferensiýasy bolmady. Prezidentler ýangyndan soň dikeldilen Notre Dame ybadathanasynyň açylyş dabarasyna gitdiler.