12-nji sentýabrda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp özüniň prezidentlik saýlawlaryndaky bäsdeşi, wise-prezident Kamala Harris bilen nobatdaky debatlara gatnaşmajakdygyny aýtdy.
“ÜÇÜNJI DEBAT BOLMAZ!” diýip, Tramp “Truth Social” sosýal ulgamynda ýazgy galdyrdy. Mundan öň, ol iýunda prezident Jo Baýden we şu hepdäniň başynda Harris bilen çekişmeleri geçiripdi.
Respublikançylardan dalaşgär Tramp Demokratik partiýanyň kandidaty Harris bilen çekişmäni “bu meniň iň gowy debatlarymyň biri, belki-de iň gowusy boldy” diýip häsiýetlendirdi.
Baýden iýunda Tramp bilen geçiren debatlarynda gowşak çykyş etse-de, Harris 10-njy sentýabrdaky çekişmäniň dowamynda öňki prezidenti goranmaga iterdi. Ol hususan-da Trampyň bu wezipä laýyklygyny soraga aldy, şeýle-de onuň ýuridiki meselelerine we ilerledýän pikirleriniň könelendigine ünsi çekdi.