Tramp basyşy güýçlendirýärkä, Eýran ABŞ-nyň “gorkuzmagy” astynda gepleşik geçirmez

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 17-nji ýanwarda Moskwada geçirilen gepleşiklerden soň elleşýärler.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 17-nji ýanwarda Moskwada geçirilen gepleşiklerden soň elleşýärler.

Eýran, Tähranyň sözlerine görä, Waşingtonyň “basyşy we gorkuzmagy” astynda özüniň jedelli ýadro programmasy barada ABŞ bilen gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.

Tähran özüniň bu pozisiýasyny, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Yraga öz goňşusyndan elektrik satyn almaga rugsat berýän sanksiýalary ýatyrmak bilen, Eýrana edilýän basyşy artdyrýan mahaly mälim etdi.

“Biz basyş we gorkuzma astynda gepleşik GEÇIRMERIS. Hatda biz muny, [gepleşigiň] haýsy mowzuga degişlidigine garamazdan, göz öňünde hem TUTMARYS” diýip, daşary işler ministri Abbas Arakçi 10-njy martda X sosial ulgamynda aýtdy.

Arakçiniň bu sözleri, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynyň Tähranyň ýadro maksatnamasynyň harbylaşdyrylmagy baradaky aladalary çözmäge gönükdirilen gepleşiklere açyk bolup biljekdigini aýdyp, has ýaraşdyryjy äheňde çykyş etmeginden bir gün soňa gabat geldi.

Emma Arakçi Tähranyň ýadro programmasynyň parahatçylyklydygyny we “‘potensial harbylaşdyrylmagy’ ýaly zadyň ýokdugyny” aýdyp, şeýle gepleşiklere gapyny ýapýan ýaly bolup görünýär.